Sag bol, Söýgi!
Sag bol, Söýgi!

Sag bol, Söýgi!
Bir çümmüjek nur çaýdyň
Ýagyrnysyn ýyllar gaşan ýazgyda.
Seni bagtyň ýollarynda ýar saýdym,
«Kynlyk bilen geçilýänin» ýaňzydan.
Men özümi seni tanap tanadym,
Baý-bow, gögeleje beýnim bar eken.
Şonda-da özüme ýeterlik kalbym,
Özüme ýeterlik söýgim bar eken.
Bir gün-ä kösediň,
Synadyň şeýdip,
Bir göterdiň bagtyň çür depesine.
Asyl, seň üstüňden geçýän eken-ä
Uzaýan ýol dünýäň pelsepesine.
Bir gün ejem bolup göründiň maňa,
Bir gün «Harplyk» bolup göründiň maňa.
Bir gün synpdaş gyzyň gözlerne siňdiň,
Soň obadaş gyzyň sözlerne siňdiň,
Gowşurman şolaryň hijisine-de,
Ajy şarpyk bolup göründiň maňa.
Garaz, köplük bolup göründiň maňa.
Ýöne gizlenseň-de kimiň keşbinde,
Haýsy dona bürenseňem tanadym.
Sag bol, bagyşladyň günleň ajabyn,
Bagyşladyň adamlaryň oňadyn.
Görýäňmi, biz bir-birege baglandyk,
Geldiňmi, howlukma, biraz ernip git.
Sähelçe uçgunyň ömri ýagtyldar,
Şonuň üçin heran-haçan görnüp git.
Agageldi ITALMAZOW. Goşgular