|

Sag bol!

Sag bol! SAG BOL!

Türkmenistan, geldim seniñ öýüñe,
Ýüregiñ giñ seniñ, nygmatyñam bol.
Enemden öwrenen bolsam-da dili,
Men türkmençe gepläp, diýýärin:
— Sag bol!

Geñ haly dokaýan çeper ellere
Diýýärin: — Sag bol!
Çöle hötde gelýän mert nesillere
Diýýärin: — Sag bol!

Dostlarymyñ ýazýan täsin şygryna
Diýýärin: — Sag bol!
Gyzlañ gözleriniñ öçmez nuruna
Diýýärin: — Sag bol!

Seniñ ýigitleriñ pälwan güýjüne
Diýýärin: — Sag bol!
Müñläp alkyş okap olañ işine,
Diýýärin: — Sag bol!

Köp minnetdar bolup, doganym, saña,
Diýýärin: — Sag bol!
Giñ ýazylan dostluk desterhanyña
Diýýärin: — Sag bol!

08.05.1961 ý.

Mark MAKSIMOW,
rus şahyry.

Terjime eden: Şäher BORJAKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle