|

Şadyýan gün

Şadyýan gün ŞADYÝAN GÜN

Aý, ýöne
Keýpine aýdym aýdýaryn,
Keýpine hoş salam ýollaýan Güne.
Tanyşlyk üçin däl ㅡ
Gyzlara duşsam:
ㅡ Salam keýgim ㅡ diýip, geçýän keýpine.

Garagol çagany guş deý göterip,
Mündürýärin sazdan doly kelläme.
Suwa daş zyñýaryn ㅡ bökýär oýnaýar,
Ýeri, şol suwa daş zyñamda näme?

Dükanlaryñ witrinasy enaýy,
Dükana dykylyp girýärin, ine,
Soraýaryn onuñ munuñ bahasyn,
Satyn almakçy däl,
Ýöne keýpine.

Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Ýollarda baglaram guşlary bile
Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy,
Keýpine,
Keýpine,
Ýöne keýpine.

Çaga ýaly bu arassa asmana
Kelläm degip,
Owaz edýär keýp bile.
Onsoñ neneñ Saturnyñ halkasyn
Şlýapa dek geýmejek sen keýpine.

Gurbannazar EZIZOW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle