|

Sadranç

Sadranç Annaberdi AGABAÝEW

▶ SADRANÇ

Saýn-Şandyñ muzeýinde çöpleri haýwan, ynsan şekilinde bürünçden guýlan gadym mongol küşdi saklanýar.

Ynha, bürünç Neýon münüp tagtyna,
Dymyp göz aýlaýar bürünç leşgere:
«Mundan sürsem goñşy hanyñ üstüne,
Basarmykam,
Ýa bormukam masgara?»

Aýagnyñ astynda ýatan köpekler
Birden gymyldadyp bürünç dillerin,
Diýýär: — Bejit perman kylgaý, jenabym,
Gemireli süñkün uzak illeriñ! ~

Şirleren penjesin göterip göge,
Her ýan bulaýlaýar inçe guýrugyn:
— Gopbam hany para-para kylar biz,
Bergil tizden, hökmürowan buýrugyñ! ~

Goýunlar mölerdip bürünç gözlerin,
— Pähim edip görüñ! — diýýär serdara. —
Çozmaly! Sebäbi neneñ çozmajak,
Biz ak, olañ bolsa barysy gara! ~

…Diñe birje hatar, diñe öñ hatar,
Daýaw pyýadalañ egindeş sapy ~
Goýun çopan,
düýe çopan,
atbakar
Dymyp dur oñlaman aýdylýan gepi.
Bürünç Neýon
Napoleon deý bolup,
Bürünç tagtdan berýär ýowuz permanyn:
— Öñe, çopanlarym!
— Öñe, köpeklem,
Äkeliñ kellesin maña şol hanyñ!

Köpekler garpyşyp, şirler towsuşyp,
Goýunlar çolaşyp aýak astynda,
Altmyş dört öýjügiñ içinde däl-de,
Ganlar akýar gadym Gobiñ üstünde!..

Ganlar akýar baýyrlardan, düzlerden,
Öñdäki hataryñ ~ pyýadañ gany.
Eneler «dat!» diýip, çokunýar Budda,
Sährada köpelýär buddalañ sany…

…Ähli buddalardan uzak señ ömrüñ,
Gadymy sadranjyñ kiçijik çöpi, ~
Ölmez-ýitmez pyýadalar hatary,
Dünýäñ şasy Ýeñiýoluklañ Sapy! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle