| |

Sadalykdan dogan kämillik

Sadalykdan dogan kämillik SADALYKDAN DOGAN KÄMILLIK
           
(Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar)

Sadalykdan dogan kämillikdiň sen,
Dünýä içre täsin dünýädiň örän.
Seniň yhlas siňdiren güýzüň geldi,
Sen bolsa ýatyrsyň bu keşbi görmän.

Biz güýzi küýsedik basym-basymdan,
Onda Gurbannazar ýaşaýar diýip.
Sary ýapraklardan seni soradyk,
Poeziýaň şolardan başlanýar diýip.

Poeziýaň gymmaty sözde ölçenmez,
«Ýer gögüň arasy»oň üçin darlyk.
«Ynam» bilen bize goýan «serpaýyň»,
Şalaryň elinden gelmejek baýlyk.

Türkmen sährasyna güýz gelen çagy,
Waspyňy ýetirýän sözlerim bilen.
Ýalňyz hemsyrdaşyň sary güýz ýaly,
Sadalykdan dogan kämillikdiň sen.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle