Sadaka dileýän çagaly aýal
Sadaka dileýän çagaly aýal
 Gundagly bäbegiñ öñüñe alyp, 
 Belki utanjyñdan, 
 bir gysym bolup, 
 Otyrsyñ günuzyn ýol ýakasynda, 
 Üst-başyñ eleşan, 
 Ýüz-gözüñ soluk.
 Nätjek-dä, mejbursyñ, 
 şeýdip gün görýäñ, 
 Her ötegçä süñklek elleriñ serýäñ, 
 Görmezlige salyp geçip gidýän bar, 
 Bar kagyz manatlyk, 
 Şaýylyk berýän.
 Beýle hala salan ne kysmat-durmuş?! 
 Çaganyñ kakasy nä hudaý urmuş?! 
 El sermäge mejbur eden enäni, 
 Ýüzüne köz degsin, bu niçik gurluş!
 Seni görüp, gaçdy çydam-kararym, 
 Al, az görmäweri jübimde barym! 
 Ile el serib-ä ýöremok welin, 
 Juda öwerlik däl meñem mydarym.
 «Sadakañyz üçin köp-köp sag boluñ!» 
 Bagtdyr döwlet diläp, göterýäñ goluñ. 
 Şol zatlary dileýärin saña-da, 
 Tañry berse, meniñ paýymam alyñ!
Hemra ŞIR. Goşgular
