Sabyr et, indiki aýa çenli…
Sabyr et, indiki aýa çenli…
Güýjümi kemelden kyn işiñ hakyn
Bir aýyñ soñunda elime aldym.
Arzuwa ýugrulan mähremlik bilen
Wagt ýitirmän, göni öýe ýöneldim.
Ýöne… gynansamam, ujypsyz aýlyk,
Ýetmedi ýene-de gerek-dürege!
Az boldy öñküje ýygnan pulumam,
Nädeýin, zar bolduk döwüm çörege.
Balajygym geldi, mölerip bakýar,
Haýran galýan ýaly göni gözüme.
Oñ nerkes deý günäsizje gözüniñ
Arzuw bilen uçganaklan didesi
Nägile garady meniñ ýüzüme:
«Wah, eje! Geçen aý aýdypdyñam-a,
Söz beripdiñ maña eşik aljagña.
Möhletin uzaltdyñ, şonuñ üçinem
Näme diýsem äbermeli bolarsyñ.
Egnime bir bitin eşik alarsyñ.
Öñki eşiklem tozdy, çykdy şylhasy,
Nirde indi aýdýan aýyñ ahyry?
Hany meniñ täze eşiklem nirede?»
Utandym,
hem diýdim:
«Sabyr et, köşek,
Hökman alyp berjek indiki aýda».
Simin BEHBAHANI.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular