Saba şähriniñ üç haramzadasy
Saba şähriniñ üç haramzadasy
Saba köwüş gutusy ýaly uly şäherdi.
Uly, giñ we uzyndy. Gämi pisint.
On şäheriñ halky ol ýere jemlenipdi. Hemmesi-de ýüzleri ýuwulmadyk üç kişiden ybaratdy.
Ol ýerde san-sajaksyz adam bardy, hemmesi diñe haýwan etini iýýän üç ham adamdy.
Üç kişiden biri alyslary görerdi: Kördi!
Beýlekisiniñ gulagy çakgyñ çüýi ýaly eşderdi: Kerdi!
Üçünjisi çuw ýalañaçdy, eşikleriniñ syýy uzyndy.
Kör şeýle diýdi: «Ine, şundan kazy-kelanlar gelýär. Olar haýsy kowumdan we näçe kişiden ybarat, hemmesi görýän».
Ker «Hawa, menem ses eşitdim, ogryn-dogryn gürrüñlerem gulagyma gelip dur» diýdi.
Ýalañaç: «Wah-eý! Geläýseler geýimlerimiñ syýyny keserler!» diýdi.
Kör: «Serediñ, golaýlaşdylar. Gaçalyñ».
Ker: «Güwwüldi alkymymyza gelip diredi, gitdik!»
Ýalañaç: «Waý, dat! Eşiklerim aýagyma çolaşýar!»
Şäheri taşlap ökjä tüýkürdiler. Ylgaý-ylgaý bir obanyñ çetinden girdiler. Ol obada semiz guş tapdylar, guşuñ endamynda et ýokdy. Guşy iýdiler, hajymelik açan ýaly iýdiler, gerk-gäbe doýdular. Garynlaryny gäberdip gapynyñ arasyna zordan sygdylar.
Gitdiler pullaryny gözlemäge. Olar üçekleriñ üstünde gaýmalap ýördüler. Öñlerinden çykana-da «Pullarymyzy gördüñizmi?» diýip soraýardylar.
Gijedi. Ybraýym Edhemiñ patyşalyk sürýän döwri. Patyşa ýatmaga hyýallanyp durdy. Şol wagt üçekden güpür-tapyr sesler eşdildi. «Kim het edip bilýär!» diýip, ýerinden turdy we köşgüñ penjiresinden «Kim bar o taýda, gijäñ bu çagy näme işläp ýörsüñiz?» diýip gygyrdy.
Üç ýigrenji adam üçekden seslendi:
— Ýitigimiz bar, şony gözleýäs.
— Näme gözleýäñiz?
— Pullarymyzy.
— Heý, üçekdenem pul gözlenermi?
— Eý, giñ göwünli adam. Sen tagtda otyrkañ Hudaýy gözleýäñ-ä. Näme bolupmyş beýle, bizem şu taýdan pul gözleýäs-dä.
Ybraýym Edhem erbet utandy. Şondan soñ ony gördüm-bildim bolmady.
Üç bihaýa Edhemiñ tagtyna oturyp, Sabany dolandyrdy.
Rugsatsyz gurlan willa ýaly uly şäherdi ol ýer.
Harsydünýälik bilen dolandyrdylar, bar zady iýip-içip gutardylar.
Kördüler, kerdiler, ýalañaçdylar.
Emma olar Sabada hökmürowanlyk süren döwürlerinde elhençlige meñzemeýän ýeke düýşem görmediler.
Gürsel KORAT.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.