|

Rysgalyñ üýtgeýşi

Rysgalyñ üýtgeýşi

RYSGALYÑ ÜÝTGEÝŞI
    
On iki süň­ňi abat, ini sa­gat ýi­git öý-işik­li hem bo­lup bilmän, gün­de­lik iý­je­gi­ni ga­zanmak üçin eli bi­len odun­dyr ýan­dak ýy­gyp, ar­ka­sy bi­len da­şap, ba­zar­da sa­typ gün görer eke­ni. Gün­ler­de bir gün bir ýag­şy­za­da bu ýi­gi­diň üstün­den ge­lip, oňa:
— Eý, og­lan, eliň bi­len ýan­dak ýyg­maň nä­me? Sat­ýan ýan­da­gyň­dan her gün azajyk süý­şü­rip, jem­läp, pil ýa-da aň­ňal al­naýsaň bol­ma­dy­my — di­ýip­dir.
Ol ýi­git ýag­şy­za­da bi­len gör­şüp, oňa:
 — Wah, nä­si­ni aýd­ýar­sy­ňyz. Nä gün bi­len süý­şü­rip, pil alsam dö­wül­ýär, aň­ňal al­sa­mam ýi­tir­ýän, agam. On­soň bol­şu­na gö­rä oň­ňut edip ýö­ren­di­rin. Siz bir di­le­gi boş geçme­dik ýag­şyza­da. Alan gu­ra­lym ýit­mez, dö­wül­mez ýa­ly, ma­ňa Al­la­ta­ga­la­dan di­leg edip ber­se­ňiz — diýip­dir. Ýagşyza­da­nyň ol ýi­gi­de neb­si agy­ryp:
— En­şal­la, bo­lar. Di­läp be­rä­ýe­rin — diýip ýo­lu­na ro­wa­na bo­lup­dyr.
Bir­nä­çe gün ge­çen­den soň, ol ýag­şy­zada ýi­gi­diň ýan­dak ýyg­ýan ýe­ri­ne do­la­nyp ge­lip­dir. Ýi­git ýag­şy­za­da­ny gö­rüp, be­genjin­den do­nu­ny aşa­gy­na ýa­zyp otur­dyp­dyr. Ýantorba­syn­dan bar­ja ga­ty-gu­ty çö­re­gi­ni myh­ma­nyň öňün­de goý­ma­ga-da gys­sa­nyp:
— Atam, nä­hi­li hoş ha­bar bi­len gel­di­ňiz — di­ýip­dir.
Ýag­şy­za­da:
— Aý, inim, şu wagt-a hoş ha­ba­rym ýok. Şu ha­lal­ly­gyň bilen bo­lu­ber­seň Al­la ke­remdir, sa­byr­ly gul du­ra-ba­ra şat bo­lar — di­ýip gö­wün­lik ber­mä­ge dur­sa, owa­lam rys­gyndan nä­gi­le ýi­git, ýa­zan do­nu­nam ýag­şy­zada­nyň aşagyn­dan sil­kip alyp:
— Men Al­la­dan al­tyn-kü­müş, at-dü­ýe di­le­me­dim, sa­tyn alan pil­dir kät­men gu­ralla­ry­my bir ber­dim di­ýip ber­se, döw­män, ýitir­män ula­na­ýyn diý­dim-ä, bu di­le­gim hem bit­me­di — di­ýip tu­rup gi­di­be­rip­dir.
Bu ýi­git öň­ki my­da­ry bi­len oňup ýör­kä, bir işi ro­waç adam öýün­de ma­ly­na-beý­le­ki­si­ne tur-otur, ker­sen ge­tir, işlerine ýa­rar ýa­ly eden işi­ne pug­tu­mal, ha­lal ada­my gözläp, her bazar ge­lip, as­sy­ryn­lyk bi­len aý­la­nar eke­ni. Bu ada­myň ýaň­ky ýi­git­de gö­zi eg­le­nip, kän synlap, mu­ňa ha­ba­ry­ny aýd­ýar. Ýi­gi­dem oňa:
 — Ga­ra zäh­me­dim-ä bar, aga, baş­ga za­dym bol­ma­sa-da — diý­ýär.
Baý, ýi­gi­di öýü­ne ge­ti­rip, et­me­li iş­le­ri­ni, ýat­jak ýe­ri­ni görkez­ýär. Eli bi­len ýan­dak ýy­gyp ýö­ren ýi­git haý­sy işi et­se öz gu­ra­ly bi­len iş­läp, aras­sa ýer­de ýa­typ, gü­ler ýüz ta­pyp, do­ýa gar­na iýip-içip ýö­re­ni­ne be­genip, sessiz-üýnsüz iş­lä­ber­ýär.
Iki ýyl geç­ýär. Ýi­git ha­lal­lyk­da-da, işeňňir­lik­de-de synagdan ge­çip, bu maş­ga­la öw­re­niş­ýär.
Gün­ler­de bir gün är-aýal çaý ba­şyn­da otyr­ka­lar, aýa­ly adam­sy­na ýüz­le­nip:
 — Gy­zy­my­za gel­ýän saw­çy­la­ry ýö­ne gaýta­ryp oty­rys. Gyz ýe­ti­şen­soň sak­lap otur­magam go­wy däl. Ýe­ke gyzymyz bol­sa-da gelýän­le­riň bi­ri­niň ha­ba­ry­ny ala­ýa­ly — diý­ýär. Baý:
 — Wah, men sen­de­nem be­ter biyn­ja­lyk bol­ýan. Ýö­ne kime ro­wa gör­je­gi­mi bi­le­mok. Ha­ny, şu ga­py­myz­da­ky ogla­na ber­sek näme, mun­dan aras­sa, mun­dan ha­lal ýi­gi­di ni­re­den tap­jak. Il-günem, «Baý ýe­ke gy­zyny işi­gin­dä­ki batra­gy­na be­räý­di» di­ýip gürrüň eder go­ýar-da — diý­ýär.
Adam­sy­nyň bu pi­ki­ri­ni öz ýa­nyn­dan oňlap, aýt­maga-da çe­ki­nip ýö­ren aýa­ly:
— Wah, oňa ýe­te­si zat bar­my nä­me? Men aýt­ma­ga-da çe­ki­nip-çe­ki­nip ýör­düm  — diý­ýär.
Şeý­dip, baý gy­zy­ny bu ýi­gi­de ni­ka­lap, toý tu­tup ber­ýär. Iş­le­mä­ge pil tap­man ýören ýi­git, beg ýi­git bo­lup ýa­şaberýär.
Bir gün­den bir gün ýi­git şol öň­ki ýag­şyza­da du­şup:
— Atam, Al­la­dan pil-kät­men di­läp bi­ti­rip bil­me­diň, yn­ha in­di eli pil­li ýüz sa­ny pil­gä­rimem bar, mu­ňa nä­me diýersiňiz? — di­ýip, so­ra­ýar.
Ýag­şy­za­da:
 — Se­niň öý­le­nen gy­zyň Al­la ta­ra­pyndan rys­gal­ly bo­lup dün­ýä inip, ka­ka­sy-eje­si­ni baý, rysgal­ly et­di. In­di hem, se­niň aras­sa ha­lal­ly­gyň üçin Be­ýik Taň­ry ol gyzy sa­ňa ni­ka­lap ber­di. Se­ni-de ga­ryp­lykdan çy­kar­dy. Bu rys­gal se­niň­ki däl, gel­niň rys­ga­ly. Hä­zir bol! In­ji­giň gö­te­rip bilmän maş­ga­la­ňa, kes­bi­ňe iki­lik edäý­seň, gy­şyň tog­sa­ny do­lan­dan soň­ky ýa­gan ga­ry ýaly, bu gu­wan­ýan baý­ly­gyň öý­lä­ne gal­man eräp gi­der — di­ýip, öz ýo­lu­na gi­di­be­rip­dir.

Nurnazar JUMANAZAROW, 
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjysy, mirasgär.

Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle