| |

Rus suratkeşiniñ «türk» eserleri

Rus suratkeşiniñ "türk" eserleri RUS SURATKEŞINIÑ «TÜRK» ESERLERI

Rus suratkeşiniñ "türk" eserleri

Suratlary bilen köplenç türk taryhyny tema edinen rus suratkeşi Aleksandr Samsonow suratlarynyñ umumy temasynyñ uruşlar bolmagynyñ sebäbini geljekde bolup geçen pajygaly wakalaryñ ýatdan çykmazlygyny we geljekki nesle taryhy gürrüñ bermekdigini aýdýar.
Antalýada ýaşaýan 64 ýaşly rus suratkeşi Aleksandr Samsonow 1960-njy ýylda Moskwada dünýä indi. Suratkeş atanyñ ogly bolup, sungatyñ içinde ulalan Samsonow çaga ýaşlarynda surat çekmäge başlady. Sungat ugrundan okandan soñ Grekow adyndaky Harby suratkeşler studiýasynda işlän Samsonow sungat durmuşy boýunça panoramik işler, taryhy-harby temalarda birnäçe kartinalary ww portretleri döretdi. Russiýanyñ ýany bilen dünýäniñ çar künjündäki muzeýler we hususy kolleksiýalar üçin eserler taýýarlan Samsonow 2001-nji ýylda Atatürküñ mawzoleýinde guraljak «Çanakkale guryýer we deñiz söweşleri» ady bilen diorama we kartina işler üçin Türkiýä gelipdi. Mawzoleýdäki eden işleri wagtynda ylmy-barlaglar geçiren we mundan ýiti täsirlenen Samsonow şol günlerden bäri Azat-edijilik urşuna we Atatürke bagyşlap birnäçe eserleri döretdi. Şol günden bäri Türkiýede dürli muzeýlere eserler beren Samsonow köp derejede respublikanyñ gurulan döwrüni, Atatürki, Azat-edijilik urşuny tema edinen eserleri bilen ünsi çekip gelýär.
Rus suratkeşiniñ "türk" eserleri

• Ýewropanyñ iñ ulusy Gaziantepde

Türk taryhyna bolan gatnaşygynyñ haçan başlandygyny aýdýan Samsonow «2001-nji ýyla çenli ortaça derejede beýlekiler ýaly orta mekdepde öwredilen zatlary bilýärdim. Mawzoleýde işlemek üçin teklip gelen wagtynda türk taryhyny, Osmanlynyñ dargaýşyny we Türkiýe Respublikasynyñ gurluş hekaýalaryny has jikme-jik öwrenmäge başladym» diýýär. Türkiýedäki işleri barada maglumat beren Samsonow «Soñra mawzoleý işleri bilen başladyk, Ýörite hereket (Спецназ) gullugy üçin işler etdik. Manisada eden işlerimiz bar. Harby muzeýde üç sany işim bar: «Mete hanyñ Hytaý diwaryna eden hüjümi, «Malazgirt meýdan söweşi», «Stambulyñ eýelenmegi». Bular meniñ Türkiýede ýerine ýetiren iñ gowy işlerim. Gaziantep Panorama we Gahrymançylyk muzeýinde saklanýan işim Türkiýäniñ we Ýewropanyñam iñ gowy ýagly boýa bilen çeken suratlarymyñ biri» diýdi.

Rus suratkeşiniñ "türk" eserleri

• Hakyky ýaly duýulma üns berýär

Surat ussahanasynda çeken suratynyñ kyssasyny gürrüñ beren Samsonow «Manisadaky Türkiýäniñ garaşsyzlyk urşunyñ bir parçasy bolan uly garşylyklaýyn hüjüm we Sakarýa söweşinden soñ grekler yza çekilensoñ önüñizden näme çyksa ýakyp-ýumuryñ buýrugyny alypdyr.
Grekler yza çekilende Manisa we onuñ töwereginde dört-bäş günde 5 müñe golaý adamy öldüripdir. Manisanyñ 80%-i dargadylypdyr. Grekler gidende halk daga çykypdyr we Manisa azat edilenden soñ daglardan inipdir. Soñky ýerine ýetiren işim manisalylaryñ Azat-edijilik urşy döwründe başdan geçiren gynançly ýagdaýyny gürrüñ berýär» diýdi.

Rus suratkeşiniñ "türk" eserleri

Şeýle-de suratlarynyñ saklanýan ýerlerinde realistik kabul etmäni döretmek we döwürleýin şertleri gelýän myhmanlara añşyrtmak üçin ses we duman ýaly effektler bilen berilýändigini aýdýan Samsonow «Adam kabul etmesi ses surata esaslanýar. Iki ölçegli, üç ölçegli işleri ot, duman ýaly effektkeri ulanyp, hakyky görnüş ýaly duýulmagyny güýçlendireris. Myhmanam munuñ bilen suratyñ bir parçasyna öwrüler. Manisada «Saruhan» muzeýindäki bu sergi zalyna gelenlerinde ýanan şähere girip çykan ýaly bolýarlar. Myhmanlarda şol döwrüñ şäherini gözi bilen gören ýaly duýgy döreýär» diýdi.
Rus suratkeşiniñ "türk" eserleri

• Suratlary bilen taryhy geljege äkitmek isleýär

Suratlarynyñ umumy meñzeşliginiñ uruşlar bolandygynyñ sebäbiniñ geljekde başdan geçirilenleriñ ýatdan çykarylmazlygy we geljekki nesle taryhdan habar bermekdigini aýdýan suratkeş Samsonow «Ömrüm boýunça taryhy uruşlaryñ suratyny çekdim. Sebäbi adamlar uruşlary, başdan geçiren kynçylyklaryny, taryhlaryny çalt unudýarlar. Adamlaruñ bu zatlary ýatdan çykarmazlygy üçin, aýratynam ýaş nesle — çagalara ömürlik ýatlarynda saklajak şekilde beýan etmek, ýetirmek üçin çekýärin» diýdi.

Emre GÜNDOGDY.

06.12.2023 Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle