Rus gyzynyň portreti
Rus gyzynyň portreti

Saçyňa güýz paslyň reňki siňip,
Gözellik goşupdyr seniň görküňe.
Şarlawuk akýan deý, daglardan eňip,
Örülmän goýberlip ol öz erkine,
Egniňe dökülip lowurdaşýarlar.
Egne düşüp, onda biraz eglenip,
Soňra emaý bilen aşak düşýärler,
Olar çeşmäň suwy deýin towlanyp,
Nurly ýüze has gözellik goşýarlar.
Hyjuw gamçylaýar meniň erkimi,
Höwesler kalbyma aralaşýarlar.
Bir jadyly duýgy gurşap durkumy.
Gözlerem asmandan alypdyr reň.
Dury gök reňkli, umman deýin çuň.
Eý, Ýaradan, gudratyňa haýran men,
Ol umman düýbünde garaja merjen,
Umman içre saçyp otyr dürüni,
Ol göreçler haýran edýär göreni.
Huşuny ýitirýär, essi aýylyp,
Bile bilmän bu hadysaň syryny.
Gaşlary hem täze dogan aý kimin.
Olara altynyň nury çaýylyp,
Uçjak guş deý ganatlary ýaýylyp,
Ol gözlere goşýar ajaýyp keşbi.
Galam aldym şol gözeliň şanyna,
Döretmek isledim bir ajap goşgy.
Ýöne söz gelmedi meň zybanyma,
Meni lal eýledi şol gözleň yşgy.
2011 ý, mart.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular