Rus dostuma
Rus dostuma
Dessan aýdyp biljek özüm hakynda
Beren azabyndan aýylganç gyşlañ.
Galamyñ däl, göreşlerde topraga
Ýazan dessany ol ýiti gylyçlañ.
Ýanyp duran öýler, agy hasratlar
Çaga mañlaýyma ir düşen gasyn.
Duşman atlarynyñ daş toýnaklary
Ýazypdylar onuñ her sahypasyn.
Aýdyp berer bu aýylganç dessany
Has rattan gapylyp galan garaklar.
Atam maña miras diýip ýer goýdy,
Gelip ony otlapdylar araplar.
Sallançakda ýatan wagtym jägildäp,
Ganym sordy sülükleri Eýranyñ.
Telim gezek turjak bolup ýykyldym,
Bolmady bir goltgy beren ýaranym.
Erkim üçin ondan oña urundym
Giñ jülgeler gabyr ýaly dar bolup.
Leşger çekip gelipdiler türklerem,
Gelmändiler ýöne howandar bolup.
Biziñ dagymyza geldi iñlisler,
Gördüm ýowuñ gedeminden gedemin.
Halas edip biljek däldi olardan
Otly gyljym bilen ýyndam bedewim.
Olar meniñ gurşap aldy daşymy,
Soýjakdylar soýulyşy deý soganyñ.
Sen ýetişip, halas etdiñ sen meni
Eý meniñ rus dostum, rus doganym!
Garşy durup bilýän bolsam men bu gün
Duşmanlaryñ mekir pygyllaryna.
Beýik rus halky, men munuñ üçin,
Minnetdar gaýduwsyz ogullaryña.
Sen göterip, sen sorapdyñ soldatyñ
Gan akanda çekgesinden syrygyp.
Her halkyñ ýüregi bir ýyldyzda öñ,
Äpet bir Gün boldy olar birigip,
Zähmetde halypa, söweşde serdar,
Beýik lukmanym sen agyrsa başym.
Sag bol şonuñ üçin, hemişe sag bol,
Meniñ rus dostum, rus gardaşym!
Rasul GAMZATOW.
Terjime eden: Mämmet SEÝIDOW. Goşgular