Rupyýalar, annalar, paýsalar / hekaýa
Rupyýalar, annalar, paýsalar / hekaýa
Köne-küşül satyjynyň dükanynyň gabat garşysyndaky üýşmek hapanyň içinden tapylan ýazuw depderçesiniň ine birnäçe sahypasy:
1953-nji ýylyň 1-nji ýanwary
Rupyýalar. Annalar. Paýsalar.
G i r d e j i
Jaýy girewine goýmakdan süýthor Mohan Laldan alnany 500 — —
Ç y k d a j y
Ejemiň hojalygyna 200 — —
Ýazuw depderçesi — — —
Sungatyň bakalawrlygyna
diplom üçin ramka 1 4 —
Tikinçä 45 — —
Wokzala çenli tonga¹ 1 8 —
Laknaudan Bombeýe deneç demir ýol bileti
(1-nji klasly wagon) 55 — —
Ýük çekijä — 8 —
Stansiýadaky larýokdan satyn alnan kitapçalar
(Kinoaktrisalar barada «Ýigrimi bäşiň dälijesi»,
«Günä gijesi», «Söýgi zäheri» hekaýalary) 10 10 —
Ýolda satyn alnan «Skrin», «Film faýer», «Şama»,
«Mustang Ýogi» gazet we žurnallary 2 — —
Çaý bilen kesk — 10 —
Bir gap «Gould Flix» sigareti 3 2 —
Özüme we kupedeş aýala agşamlyk nahary 3 12 —
1953-nji ýylyň 4-nji ýanwary
G i r d e j i
Öýden alnyp gaýdylan puldan galany 15 — —
Süýthor Şer Handan karz alnany 200 — —
_____________________________________________
J e m i … 215 — —
Ç y k d a j y
Berginiň ujundan süýthor Şer Hana berilmeli göterimi 20 — —
Myhmanhanadaky nomere 25 — —
Otaga ýerleşdireni üçin dellala 100 — —
Krowat, stul, stol 40 — —
Zähmet biržasyna çenli awtobus kireýi — 4 —
Zähmet biržasyndan amerikan nebit kompaniýasynyň
kontoryna barýança taksä 2 2 —
Kurýere çaý puly 1 — —
Starşiý gullukçyny höweslendirmek üçin 10 — —
Bir gap «Keýpston» sigareti — 10 —
Kinoteatra çenli awtobus — 3 —
Kino (Anarkali) bilet 1 5 —
Antraktda moroženoýe (iki adamlyk) 1 8 —
Parilä çenli awtobusa iki bilet — 8 —
Saça sançgyçly bir çemen gül — 8 —
Agşam şamlyk 1 4 —
1953-nji ýylyň 1-nji marty
G i r d e j i
Kontordan 20 günüň aýlygy 85 — —
Ç y k d a j y
Suw puly bilen yşyk 3 8 —
Salgyt 5 4 —
Geýim ýuwuja (25 laý geýim) 3 2 —
«Skrin», «Taýms», «Film Faýer», «Şama» gazetleri 7 2 —
Dellege (saç gyrkdyrmaklyk, sakgal syrdyrmaklyk,
kelle ýuwmaklyk, ýüzi massaž etdirmeklik) 1 12 —
Dellege çaý puly — 4 —
Şekere batyrylan miweler — 8 —
Kitaplar 4 10 —
Telefon (Äýşä) — 2 —
Kino (Anarkali) iki bilet 2 10 —
Moroženoýe 1 8 —
Myhmanhananyň şweýsaryna çaý puly — 4 —
Grand-roudan Malabar Hilla çenli taksi 1 12 —
Günorta nahary (iki adamlyk) 4 8 —
Saça sançgyçly bir çemen gül (Äýşä) — 8 —
Malabar Hilladan Äýşeleriň öýüne deňeç taksi 3 — 8
Awtobus 1 — 4
Bir çüýşe syýa — 12 —
Aspirin — 6 —
1953-nji ýylyň 5-nji iýuny
G i r d e j i
Kontordan bir aýyň zähmet haky 105 — —
Ç y k d a j y
Jaý kireýi 25 — —
Suw puly bilen yşyk 3 8 —
Geýim ýuwuja (14 laý eşik) 1 12 —
Berginiň ujundan süýthora berilmeli göterimi 20 — —
Gazetler 1 12 —
Tramwaý — 2 —
Salgytlar 5 — —
Nahar — 10 —
Çaý 1 6 —
Köne kitaplar lawkasyndan satyn alnan kitaplar 1 4 —
Kino (Anarkali) iki bilet — 8 —
Iki «Koka-Kola» içgisi — 8 —
Awtobus — 8 —
«Çar minara» sigareti — 3 —
1953-nji ýylyň 15-nji awgusty
G i r d e j i
Süýthor Şer Handan täze karz 200 — —
Ç y k d a j y
Öňki-soňky bergim üçin süýthora berilmeli göterim 40 — —
Ejeme iberen pulum 35 — —
Iberen pulum üçin poçta harjy — 2 —
Gazet («Taýms of Indiýa») — 2 6
Kagyz bilen bukjalar — 12 —
Gerbli markalar (iş bermekleri barada 20 arzalyk blanka) 2 8 —
Ertirlik we öýlän nahary — 8 —
Zähmet biržasyna barýança awtobus — 4 —
Biržadan öýe gelýänçäm tramwaý — 2 —
Kireýine alnan kitaplaryň haky — 3 —
Çaý — 1 —
Bir gap sigaret («Beri») — 2 —
Telefon (Äýşä) — 2 —
Kino (Anarkali) iki bilet 2 10 —
Nohutly kişmiş — 4 —
Iki käse çaý — 8 —
Tramwaý — 2 —
Saça sançgyç üçin — 4 —
Agşam şamy — 6 —
1953-nji ýylyň 13-nji dekabry
G i r d e j i
Köne kitaplary we žurnallary satmakdan düşeni 3 7 —
Stuly, stoly we krowaty satmakdan
(Çör-bazardaky satyn alýan magazine) giren girdeji 11 8 —
Köne geýimleriň satylmagyndan düşeni 13 — —
______________________________________________
Jemi… 27 15 —
Ç y k d a j y
Telefon (Äýşä) — 2 —
Kino (Anarkali) iki bilet 5 4 —
Palu Bandara çenli taksi 2 4 —
Nahar (iki adamlyk) 10 8 —
Ofisiantka çaý puly 2 8 —
Saça sançgyçly çemenjik — 8 —
Gül satyja çaý puly — 8 —
Pan — 8 —
Pan satyja çaý puly — 8 —
Äýşeleriň öýüne çenli taksi — 8 —
Şofýora çaý puly 2 4 —
Äýşä ýazylan hata marka — 2 —
Uky dermany (tirýek suwundan gys-gyrmaja bir çüýşe) 2 12 —
«Alla seniň ömrüňi uzaltsyn!» diýip, sadaka alan gedaýa — 1 -_____________________________________________
J e m i … 27 15 —
G a l a n y: N O L
Hoja AHMET APBAS,
hindi ýazyjysy.
______________________________________________
1 Tonga — at goşulýan üsti serpme brezentli iki tigirli araba. Hindistanda şäher ulagynyň has giň ýaýran görnüşi.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1961 ý. Hekaýalar