Rumlular bilen hytaýlylaryñ jedeli hakynda hekaýat
Rumlular bilen hytaýlylaryñ jedeli hakynda hekaýat
Rumlular bilen Hytaýlylaryñ jedeli hakynda hekaýat
"Dürli surat çekip, jaý bezemekde
Tapylmaz dünýäde biz ýaly ökde"
Diýip, hytaýlylar öwnüp, pañlapdyr,
Rumlular olañ sözün geñläpdir.
"Aý bizem-ä ýöne garap durmarys,
Herki işde sizden kem oturmarys".
Diýip, rumlular berdiler jogap,
Soltan şeýle diýdi olara garap:
"Aýdan sözlerñiziñ bar bolsa jany,
Ynha, size Alyñ ala meýdany.
Her kim orta goýup barja hünärin,
Görkezsin eliniñ, añynyñ zorun"
Olara bir uly otag berdiler,
Ortasyndan gara tuty gerdiler.
Hytaýlylar galjañ, özüñiz belet,
Derrew reñk, çotga etdiler talap.
Hazynaçy esli tyllla eçildi,
Olaryñ islegi berjaý edildi.
Rumlulañ hiç azary ýetmedi,
Hiç kimden hiç zady talap etmedi.
Oña derek edip elde baryny,
Ýylmap ugradylar öz diwaryny.
Yhlas edensoñlar açyk göwünden,
Diwar ýalpyldady durulygyndan.
Durulyk — göýä bir asmanyñ Aýy,
Göwnüñi göterýär bakdygyñsaýy.
Şol Aýyñ öñüne gerilen bulut
Ondan reñk alýar öýme dek bolup.
Hytaýlylar çekip gaty kän azap,
Gabat garşydaky diwary bezäp,
diýýän dek: synlasyn, heý, kemi bamy?
Deprek kakyp, çagyrdylar soltany.
Olañ çeken täsin suratlaryny
Synlap, soltan tapmady kem ýerini.
Soñ synlamak üçin işin rumlulañ,
Ýöneldi şol taýa ýuwaşlyk bilen.
Aradaky tuty aýryldy weli,
Aýdyñ boldy rumlulañ emeli.
Çeken suratlary hytaýlylaryñ
Beýleki diwarda janlandy, görüñ!
Şo bir surat, Şo bir gudrat, Şo bir zat
Iki diwarda-da durdy lowurdap.
Ikisi-de bir-birinden kem däldi!
Muny gören soltan haýranlar galdy.
Uzakdan gözlemäñ muña mysaly —
Adamlaryñ kalbam edil şoñ ýaly.
Goşgular