Ruhnama — täze jemgyýetiñ täze añyýeti / dowamy
Ruhnama — täze jemgyýetiñ täze añyýeti / dowamy
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynyň ikinji kitaby-da durşuna milli pelsepedir. Ikinji kitabyň «Türkmeniň ýaşaýyş medeniýeti» diýen girişinde milli pelsepäniň nämedigi we nähili şekillerde bolýandygy ýiti hem synçy pelsepeçiniň düýpli pikir ýöretmelerinde berilýär. Bu pikirýöretmäniň özboluşlylygy şundan ybaratdyr: Saparmyrat Türkmenbaşy milli ruhuň, milli pelsepäniň aýratynlygyny milletiň ýaşaýşyndan, ýagny amalyýetden gözlemeli diýip aýtdy:
«Milletiň ruhy pelsepelerini onuň akyldarlarynyň ýazan agyr-agyr sözlemlerinden däl-de, ol pelsepeleriň tebigy ýaşaýan ýeri bolan ýaşaýyş endiklerinden, gündelik medeniýetinden, köpçüligiň içindäki gatnaşyklaryndan gözlemeli, milletiň pelsepesi onuň ertirden agşama çenli ýerine ýetirýän hereketleriniň endige öwrülen ulgamynda ýaşamaýarmy näme?» (15 s.).
Şeýlelikde, biz bu ýerde milli pelsepäniň, umumanam, pelsepäniň täzeçe kesgitlemesini, täze düşünilişini görýäris: pelsepe akyldarlaryň kellelerinde ýa-da kitaplarda ýaşaýan däl-de, durmuşyň hut özünde ýaşaýan barlykdyr. Pelsepe durmuşyň hususy ýüze çykmasy däl-de, eýsem tutuşlygyna onuň özünde we onuň özi arkaly aňladylmasydyr. Diýmek, Beýik Serdar pelsepäniň ýaşaýyş örüsini giňeltdi, bu öri durmuşyň özüniň çäklerine çenli giňeýär. Netijede pelsepe hem durmuş diýilýän ululyklaryň gerimi we giňişligi barabar zada öwrülýär. Indiden beýläk pelsepe durmuşyň bir bölegi, bir ugry däl-de, eýsem pelsepe durmuşdyr, durmuş bolsa pelsepedir. Aňlatmalaryň mukdary manysynda-da, olaryň hili manysynda-da hut şeýledir.
Durmuş hem pelsepe diýen meseläniň üstünde pikir öwrüp, Ruhnamany dörediji durmuşa gatnaşygy boýunça iki sany pelsepäniň bardygyny nygtady: «Her bir milletde iki hili pelsepe bardyr: akyl-ruhy pelsepesi we durmuş pelsepesi… Milli akyl işgärleri tarapyndan döredilýän akyl-ruhy pelsepäniň derejesi pes bolsa, şeýle-de milletiň durmuş pelsepesi ýöntem bolsa, onda bu yerde biz ösmedik milleti görýäris… Millete baha bermekde onuň haýsydyr bir wekiliniň dilinden çykan paýhas däl-de, eýsem onuň köpçüliginiň ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň derejesi has ähmiýetli bolup biler. Çünki birinjide ýaşaýyş aýratynlyklarynyň hususylygy, ikinjide bolsa ählumumylygy bardyr» (16 s.).
Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamanyň ikinji kitabyny türkmeniň milli-durmuş pelsepesiniň beýanyna bagyşlapdyr. Türkmeniň milli-durmuş pelsepesi bu kitapda ýigrimi sany uly ugra bölünip beýan edilýär. Şol ugurlarda milletiň ruhy özboluşlylygy anyk hem-de çuňňur ýüze çykýar. Iň ähmiýetli tarapy — bu ugurlar durmuşyň hut özüniň janly ýüze çykmalarydyr. Olar emeli ýa-da ýasama ýol bilen bellenilen, ähmiýetsiz kitaby bölünişik däldir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň akyldar hökmündäki beýikligi-de onuň hemişe durmuşy, amalyýeti ähli zatlardan ýokarda, öňde goýanlygyndadyr. Şol sanda ol durmusy durmuşyň kölegesi bolan, onuň şöhlelenmesi bolan zatlardanam ýokarda, öňde goýdy. Adatça, akyl işi bilen meşgul kişiler durmuşdan onuň kölegesi bolan zatlary ileri tutagan bolýarlar, has hem erbedi, olar kölegä durmuşyň özüdir öýdüp kösenýärler. Şunuň netijesinde aňda garma-gürmelik, bulaşyklyk ýüze çykýar. Şonuň üçinem täze pikirleriň, täze pelsepeleriň, täze garaýyşlaryň döremegi togtaýar. Biziň köpimiziň döredýänimiz bolsa kölegäniň kölegesi ýa-da çorbanyň çorbasy bolýar. Çünki biziň köpimiz durmuşyň özündäki däl-de, onuň daşyndaky, öz oýlap tapan zatlarymyza şeýle bir gümra hem başagaý bolýarys welin, asyl durmuşyň özi gowuşgynsyz elden sapagyň sypyp gidişi ýaly, aňymyzdan sypyp galyberýär.
* * *
Ruhnamany döredijiniň durmuşy bar zatdan ileri goýanlygy onuň beýik pelsepe sapagydyr we pelsepe usulýetidir. Şeýle usulyýet akylyň gözleýän esasy gözlegine – hakykata tiz we gysga ýol arkaly ýetmäge mümkinçilik berýär. Eýsem-de bolsa, Ruhnamanyň nukdaýnazaryndan, durmuş hem hakykat nämedir?! Ýokarky getirilen mysallardan ugur alsaňam, Ruhnamanyň bitewi hem tutuş manysyndan ugur alsaňam, durmuş – munuň özi günde-günaşa bolup geçýän ýaşaýyş endikleridir, şekilleridir. Ruhnama şol endiklere hem şekillere gyýtaklandyrylan däl-de, göni ýol bilen barýar. Gyýtaklandyrylan diýenimde, men ilki durmuş barada okap, eşidip, öwrenip, diňe şondan soň barmaklygy göz öňünde tutýaryn. Ruhnama durmuşyň özünden many hem pelsepe alýar. Şol many hem pelsepe bolsa hakykat atlandyrylyar. Şeýlelikde, durmuş hem-de hakykat biri-birinden aýry-aýry zatlar däl-de, birlikdäki, aýrylmaz bitewülikdäki zatlar bolup çykýar.
Üns beren bolsaňyz, biz häzir Ruhnamanyň taglymat yörelgesi barasynda gürrüň edýäris. Başgaça aýdylanda, onuň dünýä akyl ýetiriş meselesinde tutýan ýörelgesine düşünmäge çalyşýarys. Saparmyrat Türkmenbaşy hakykatyň esasy ölçegi diýip durmuşyň hut özüni görkezdi. Munuň özi beýik kanunalaýyklykdyr we beýik tebigylykdyr. Ruhnama türkmen halkynyň durmuşynda täze aňyýetdir. Täze aňyýet bolsa durmuşa täze, öz ýoluny salmaly. Munuň üçinem ol durmuşyň, özüniň ileriligini tekrarlamaly, öňki emeli hem oýlap tapylan aňyýeti ret etmeli. Öňki aňyýetiň aňymyzda saklanyp galan yzlary ösüşe jan berip biler, şonuň üçinem olaryň durmuş däl-de, durmuşyň kölegesidigini, özem nädogry, gyşyk kölegesidigini halka we her bir kişä düşündirmek zerurdy. Ine, şeýdip Ruhnama biziň aňymyzy täzeleýär, kalplarymyzy arassalaýar.
Saparmyrat Türkmenbaşy durmuşyň şekilleri diýip türkmen milletiniň müňlerçe, ýüzlerçe ýylyň dowamynda kemala gelen, durugan, durnuklylyga eýe bolan ýaşaýyş dessurlaryny görkezýär. Ýöne bu ýerde möhüm zady belläp geçmeli. Islendik beýik pelsepe eseri ýaly, Ruhnama ýönekeý, «eşiksiz» maglumatlardan, sanlardan has ýokardaky eserdir. Ol ýöne beýan edenok-da, eýsem çuňlukda ýatan kanunalaýyklyklary, häsiýetli hem ählumumy aýratynlyklary açyp görkezýär. Ol biziň gündelik iş salşyp ýören, göräýmäge öňden tanyş ýaly bolan zatlarymyzy şeýle ýokary pelsepe derejesinde açyp görkezdi, netijede türkmen milli durmuşynyň öň hiç mahal görlüp-eşidilmedik hakykatlary we manylary birgiden dünýägaraýyş ulgamyna öwrüldi. Öý-işik, ata-ene, perzent, dogan, dost, garyndas, goňşy, ýaşuly, ýaşkiçi… – biziň her pursatda daşymyzy gurşap alýan bu durmuş taraplaryny Mukaddes Ruhnama hut pelsepäniň meselesine öwrüp we pelsepäniň dili bilen açyp görkezýär. Eliň ýetip duran, gözüň görüp duran türkmen durmuşy entek hiç mahal şeýle pelsepe belentliginde hem-de şahyrana gözelliginde açylyp görkezilmändi. Biziň gözümiziň alnynda türkmen durmuşynyň adatylyklary we ýönekeýlikleri täsinlige hem-de manylylyga öwrülýär.
Eýsem-de bolsa, şeýle gudrat näme mynasybetli bolup geçýär? Bu Saparmyrat Türkmenbaşynyň pikir ýörediş usulynyň güýji – mähirli şahyranalyk hem-de pähimdarlyk mynasybetli bolup geçýär. Ruhnamanyň pikirlerine kesgitlilik, bitewülik, sebäpli-netijeli baglanyşyklylyk, ter hem adaty däl öwrümler, her bir meseläni düýbüne çenli çürt-kesik etmeklik, täze hem täsin jümleler mahsusdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň kitaplary bilen täze türkmen dilini döretdi. Munuň özi biziň döwrümiziň iň esasy hakykatlarynyň biridir. Indi türkmen şol kitaplaryň dilinde gürleýän millete öwrüldi.
Täze dil bolsa täze pikirlenmedir.
Täze pikirlenme bolsa täze dünýägaraýyş, täze taglymatdyr.
* * *
Ruhnamanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri onuň bitewüligidir. Eser birinji sözleminden başlap soňkusyna çenli guýlan bina kimin bitewüdir. Munda ähli pikirler işilen ýüp kimin biri-birine sepleşip, biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçip gidýärler. Şonuň üçinem kitabyň meselelerini, bölümlerini biri-birinden aýrylykda göz öňüne getirmegem, kabul etmegem mümkin däldir, ýagny pikirleriň birini goýup, beýlekisini almak mümkin däldir. Ruhnamany bitewüligine tutuşlygyna kalba siňdirmeli.
Diňe ussat we ýiti paýhas şeýle bitewi eseri döredip bilýär.
Emma şol bitewülik bilen bir hatarda Ruhnamanyň ikinji bir artykmaçlygy-da bar. Ol hem bu kitapda islendik okyja yeterlikli, alarlykly zatlaryň köplügidir. Özüniň ýaşyna, sowadyna, hüý-häsiýetine, durmuş tejribesine, gyzyklanmalaryna laýyklykda her bir kişi Ruhnamadan gaty köp zatlary alyp bilýär. Ruhnamanyň her bir adamyň dilinde gürläp bilýänligi onuň täsinligidir. Şunuň bilenem ol mukaddeslik derejesine ýetýär. Ol çörek ýaly, howa ýaly, suw ýaly her bir kişä we hemmelere gerek kitapdyr. Şonuň üçinem ony dünýä halklary okaýar, öwrenýär. Şonuň üçinem ony çagalar baglaryndan başlap ýokary okuw mekdeplerine çenli hemme bilim, ylym ojaklarynda öwrenýärler. Emma Ruhnamanyň ýaşaýyş giňişligi beýle ojaklaryň çygryndan çykýandyr. Onuň ýaşaýyş giňişligi – durmuşyň giňişligi bilen barabardyr. Ruhnama her bir adam bilen ýürekdeş ikiçäkligi gazanyp bilýän eser. Ol biziň hemişelik hemsyrdaşymyz, hemsöhbetimiz.
* * *
Bu kitapdaky ilkinji muhabbetli söhbetem Watan baradadyr. Bu söhbetde hemme zat — paýhasam, pähimem, duýgam, nakylam, öwüt-ündewem bar. Saparmyrat Türkmenbaşy öz pähimlerini pikir aýlawlarynyň, iki pikiri ýa-da duýgyny dialektiki gapma-garşy goýmaklygyň üstünde gurnady:
«Watana sygynsaň, Watan ýüregiňe sygar: bu beýik daglar, bu tereň derýalar, bu giň sähralar, bu mähriban oba-şäherler – bary seniň ýüregiňde ýerleşer. Şonda ýüregiň Watanyň ululygyna barabar ulalar. Şonda kiçi däl, uly bolarsyň, bölek däl, bitin bolarsyň, parça däl, tutuş bolarsyň.
Kiçilikden ulaldýan, böleklikden bitirýän, parçalykdan tutuşlyga ýetirýän Watana alkyş hem şöhrat bolsun!» (23-24 s.).
Şeýle joşgunly pikir öwrümleri düşünjeleriň anyk manysyny bilmäge esaslanýan dialektiki pikirýöretme özboluşly uslyby döredýär. Munuň netijesinde bolsa özboluşly, diňe Ruhnama mahsus sazlaşyk kemala gelýär. Ol sazlaşyk, ilkinji nobatda, pikire aýdyňlyk, gözellik hem joşgunlylyk berýär. Emma diňe bular bilen onuň gymmaty gutarmaýar. Sazlaşygyň esasynda pikir täzeligi we pikirlenme özboluşlylygy ýatýandyr. Sazlaşyk – manynyň ýüze çykmak täridir. Biri-birine seplenilgi pikirler okyjynyň göwnüni maýyl edýär, okyjy manydan gelip çykýan owaza, owaz arkaly yüze çykýan mana bendi bolýar.
«Ululyk – Watana barabarlykdyr. Watan – ululyk çägiňdir. Hiç haçan Watanyňdan uly bolup bilmersiň» (24 s.).
Şeýle pähimlerde diňe bir owaz täzeligi däl, eýsem tüýs pikir-pelsepe täzelikleri birgidendir. Şeýle pähimler arkaly şahsyýetiň hem milletiň, şahsyýetiň hem jemgyýetiň arasyndaky barlyk, gymmatlyk gatnaşyklary ylmy taýdan kesgitlenilýär. Dogrudanam, her bir adamyň derejesi ony döreden millet, jemgyýet, döwür tarapyndan kesgitlenilýär.
* * *
Ruhnamanyň ikinji kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän zatlaryň biri-de edepdir. Onda türkmen durmuşynyň gaty köp taraplary jemlenýär. Ata-ene, perzent, goňşy, dost, dogan arasyndaky gatnasyklaryň, toýda, ýasda, işde, okuwda, myhmançylykda we beýleki ýerlerde özüňi alyp barmagyň edebi Ruhnamada ýokary pelsepe derejesinde açylyp görkezilýär. Hut şu dereje-de kitaby ýönekeý, adaty hem gurak öwüt-ündewleriň derejesinden has ýokary zada öwürýär. Aslynda Mukaddes Ruhnama kitabyna gury akyl satmak, sözüň ýaramaz manysyndaky öwütparazlyk ýatdyr. Ýok, kitabyň mazmuny ter hem-de dürli täzelikleri bilen özüne çekijidir. Pelsepe hem gözellik, pikir hem-de owaz kitabyň bütin dowamynda bal bile ýag ýaly garylyp, gaýtalanmajak tagam hem mazany döredýär. Joşgunly, hyruçly, hakyky şahyrana esere mahsus duýgy çyrpynmalary hemişe aýdyň hem çürt-kesik, gunt ýaly pelsepelerdir kesgitlemeler bilen sazlaşyp gidýär. Soňkulara mysal hökmünde şulary getirip bileris:
«Edep – pelsepe bilen esaslandyrylan milli ahlak we durmuş kadalarydyr» (73 s.).
«Ahlak – terbiýäniň hem serişdesidir, hem maksadydyr»
«Adamy ilki gulagy, soňra gözleri terbiýeleýär» (139 s.).
«Goňşyň – şu dünýädäki synçyň, o dünýädäki şaýadyňdyr.
Goňşy – iň ýakyn aralykdaky ildir!» (163 s.).
Şeýle hem many-pikir, hem meňzetme-çeperçilik güýjüne eýe bolan täsin pähimler Mukaddes Ruhnamanyň her sahypasynda bar. Olaryň baryny sanap çykmak mümkin däl.
* * *
Şularyň barynyň üstesine Mukaddes Ruhnamada getirilýän rowaýatlardyr hekaýatlar, tymsallar eseriň mazmunyny hasam köpdürli we köpöwüşginli edýär. Olaryň uly göwrümlileri-de, örän gysbylary-da bar. Mukaddes kitabyň degişli tarapyny öwrenip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň akyl hem edebi gözýetiminiň şeýle giň bolandygyna haýran galýarsyň. Kitapda türkmeniň ýüzlerçe ýyllyk taryhynda döreden rowaýatlaryny hem hekaýatlaryny görýäris. Olaryň köpüsi özümiz tarapdan unudylyp, indi Ruhnama arkaly sözüň hakyky manysynda janly durmuşa gaýtarylyp getirildi. Bularyň içinde taryhy rowaýatlaram, pelsepeli rowaýatlaram, edebi hekaýatlaram bar. Şeýle-de Ruhnamada, ylaýta-da onuň ikinji kitabynda dünýä halklarynyň rowaýatlary köp duş gelýär. Bular kitaba umumyadamzat ähmiýetini we ensiklopediýa häsiýetini berýär. Dünýä paýhasyny bileýin diýseň, Ruhnamany okaýmaly! Dünýä paýhasynyň ýygnanan ýeri gerek diýseň, Ruhnama geläýmeli! Oňat ýeri-de, olaryň bary kitabyň bitewi mazmunyna ýag kimin siňip, onda tebigy orna eýe bolýarlar. Şeýle-de olar Ruhnamany dünýäniň ähli halklaryna düşnükli edýär.
Rowaýatly meseläniň bir möhüm tarapyny bellemek isleýärin. Rowaýatlar Ruhnamada diňe bir edebi däl, eýsem pelsepe hyzmaty üçin getirilýär. Şonuň üçinem olar arkaly kitap edebi kitaba öwrülmeýär. Edebi tarapy kitabyň onlarça taraplarynyň diňe biridir. Tutuşlygyna, bitewüliginde bolsa Ruhnama dünýägaraýyş kitabydyr, taglymat kitabydyr. Taglymatyň, dünýägaraýşyň süňňüni bolsa çeperçilik däl-de, pelsepe kemala getirýär. Ruhnamada taryhyň pelsepesi, millet pelsepesi bilen bir hatarda edep pelsepesi, akyl ýetiriş pelsepesi, sungat pelsepesi, ylym pelsepesi uly orun eýeleýärler.
* * *
Ruhnamanyň birinji kitabynyň bäşinji bölüminde, şeýle-de ikinji kitabyň «Oka, bil, öwren» bölüminde ylym pelsepesi täzeçe berlipdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylym pelsepesine töwerekleýin we ýeterlik çuňňur düşünmek üçin onuň «Iň oňat ylym – jemgyýete peýda getirýän ylymdyr» diýen pähimi örän ähmiýetlidir. Munuň özi hakyky ylmyň durmuşy hem amaly hajatlary bitirip bilmelidigini, eger şuny başarmaýan bolsa, onuň ylma meňzeş bidereklikdigini görkezýär. Hakyky ylmyň nämedigi Ruhnamada şeýle düşündirilýär:
«Ylym – ýaşaýyş silinde gark bolaýjak adamyň öz saçyndan özi çekip, özüni halas etmek mümkinçiligidir» (344 s.).
Şeýle düşündirme bir wagtyň özünde hem pelsepe, hem kesgitleme, hem çeper meňzetmedir. Ruhnamadaky seýle pähimler okyjydan sowatlylygy talap edyär. Çünki olaryň birnäçesi öňki bar bolan eserlere yşarat, olary üýtgetmek, olara ugrukdyrmak häsiýetinde döredilipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aşa sowatly, gözýetiminiň çakyňdan giň bolandygy haýran galdyrýar. Şeýle ýagdaýda okyjynyň sowatly bolmagy gerek. Çünki degişli pähimleriň adamzadyň şu wagta çenli döreden paýhas hazynasy bilen baglanyşygy bar.
Beýleki tarapdan bolsa, Ruhnamada öňki paýhas hazynalary tanalmaz derejede özgerdilýär, täze açyşa öwrülýär. Diýmek, munda geçmiş hem hemizaman dialektiki utgaşýar.
Ruhnamanyň ylym pelsepesi giňdir hem çuňdur. Birinji kitabyň bäşinji bölüminde «Ylym – bagtyň çyragydyr» atly bölümçe bar. Ähli meselelerde bolşy ýaly, Beýik Serdarymyz ylym pelsepesinde-de, ilkinji nobatda, durmuşy zeruryýetden ugur alýar. Onuň ylmyň gymmatlygynyň kesgitlemesi-de hut amaly nukdaýnazary bilen tapawutlanýar. «Iň oňat ylym – jemgyýete peýda getirýän ylymdyr» kesgitlemesi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylym pelsepesiniň özenidir. Şeýle kesgitleme ylaýta-da taryhy dowamatyň tarapyndan mana gelýär. Mälim bolşy ýaly, sowet döwründe diňe aňyýet maksadalaýyklygy sebäpli durmuşyň özüne hiç hili peýda getirmeýän, jemgyýetiň we adamyň ösüşine gönüden-göni täsir etmeýän we goşant goşmaýan howaýy ylym «döredildi». Birgiden gerekmejek ylmy edaralar, çişirilen ylmy guramalar, döwletiň hem halkyň hasabyna ýaşap, ýekeje-de ykdysady ýa ruhy zerurlygy bolmadyk ylmy maksatnamalar agyr hassa öwrüldi. Şeýle taryhy pursatda kemala gelen howaýy ylmy durmuşyň ösüşi özüne hupbat hökmünde duýýardy. Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy ylmyň hakykylygyny ýa-da howaýylygyny kesgitleýän ýörelgäni öz ylym pelsepesiniň esasynda goýdy.
Emma onuň ylym pelsepesiniň diňe aýratyn bir döwür bilen däl, eýsem bakylyk bilen baglanyşykly mazmuny-da bardyr. Başgaça aýdylanda, ylym pelsepesinde, umuman, ylmyň ähli döwürler hem ähli halklar üçin ähmiýetli hem manyly bolan gymmaty, adamzat üçin düýp ähmiýeti çuňňur açylyp görkezilýär. Bu açyşlaryň hataryna «Adamy adam eden – ylymdyr» (343 s.).
«Akyl we ylym – Alla ýakynlaşmagyň mümkinçiligidir» (344 s.).
«Ylym – akylyň öz-özüni azat etmesidir» (349 s.) ýaly beýik pähimleri agzamak bolar. Bular ylym diýen zadyň adamzat döräli bäri adamyň ösüşindäki ornuny hem hyzmatyny gysby hem dürli kesgitlemelerde bize aýan edýär. Ylaýta-da soňky kesgitlemede ylym akylyň işi hökmünde görkezilip, öz pelsepe häsiýeti bilen tapawutlanýar. Akylyň ösüşi hakykaty açmagyň usuly bolan ylym arkaly amala asyrylýar. Şeýle ösüş azat bolmak diýip kesgitlenilýär. Çünki, dogrudanam, akyl ösdügiçe adamzat özüniň tebigat tarapyndan berlen ilkibaşky mümkinçilikleriniň çäginden has uzaga gidýär, özüniň ilkibaşky beden hem ruhy mümkinçilikleriniň derejesinden has ýokary galýar. Netijede ylym adamzada öz beden çäklilikleriniň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär. Hut şonuň üçine Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazdy:
«Adama ganat berilmändir, emma ylym bilen ähli ganatlylardan has ýokary galmaga akyl-paýhas berlipdir. Adama aşa ýyndamlyk berilmändir, emma ylym bilen ol iň ýyndam tizligi edindi. Adama ýiti penje berilmändir, emma ol ylym bilen iň uly güýç-kuwwaty edindi» (344 s.).
Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymat derejesine ýeten ylym pelsepesinde «durmuş – akyl – ylym» üçlügi hemişe özara baglanyşykda açylyp görkezilýär. Munuň özi ylym pelsepesiniň düýplüligine hem güýçlüdigine şaýatlyk edýär. Ylym diňe durmuşa gereklidigi we durmuşda orun eýeläp bilýänligi bilen ylymdyr, şol bir wagtda-da ol akyly kamilleşdirýänligi bilen adamzadyň aýrylmaz sypatlarynyň biridir. «Akyl – adamzat ýaşaýşynyň uslybydyr», «Allatagala adama akyl beripdir.
Bilimi hem-de ylmy adamzadyň özi tapypdyr.
Howaýylyk bolan akyl seýdip, maddy dünýäniň beýleki närseleri ýaly, anyklyk tebigatyna eýe bolupdyr» (303 s.). «Adamzat akyl arkaly Wagtdan gaçyp, bakylyga ymtylýar. Bu ymtylyş okuw arkaly mekdep giňişliginde kemala gelýär» (307 s.).
Görnüşi ýaly, ylmyň akyl bilen baglanyşdyrylmagy meseläni hut pelsepe meselesi hökmünde goýmaga we çözmäge mümkinçilik berýär. Pelsepe meselesi – adamzadyň ýaşaýşynyň düýp manysynyň meselesidir. Bir tarapdan, munda pikir goýazylygy kemala gelýär, belli-belli jümlelerde ýaşaýşyň kowumlary umumylaşdyrylýar, beýleki tarapdan, olar täsirli çeper göz öňüne getirmeler arkaly okyjynyň aňyna ýetirilýär. Ine, Saparmyrat Türkmenbaşynyň kitaba beren pähimli kesgitlemeleri-de hut pelsepe tebigaty bilen akylyňy haýran edýär:
«Kitap – adam paýhasynyň maddylaşmagydyr Kitap külli adamzadyň dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçluga salyp, biziň elimize tutdurýar. Kitap – adamzadyň öz-özüni ykrar etmesidir. (325-326 s.).
Şeýle kesgitlemeler özüniň gaýtalanmazlygy bilen adamzat akyldarlarynyň pähim-parasatlarynyň hataryny uzaltmaga mynasypdyr. Olar çeper, simwoliki pikirlenme bilen pelsepe pikirlenmesiniň utgaşygyndan döräp, bize meseläniň öň hiç kim tarapyndan görülmedik düýp manysyny açýar. Dünýäni täzeçe görüş Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynyň esasy aýratynlygydyr, onuň adamzat üçin gymmatydyr, onuň öňki taglymatlardan jedelsiz artykmaçlygydyr.
* * *
Ruhnamanyň ylym pelsepesi Saparmyrat Türkmenbaşynyň akyl ýetiriş taglymatynyň esasy düzgünleriniň biri bolan bitewülik pelsepesi bilen berk baglanyşyklydyr. Bitewülik akyl ýetiriş kanuny hökmünde Ruhnamanyň düýpli açyşlarynyň hataryna girýär. Ol öz ähmiýeti we tebigaty boýunça pelsepe ýörelgesidir. Bu ýörelgäni Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle düşündirdi:
«Meniň baş pelsepäm – Bitewülik pelsepesidir. Çünki Bitewüligiň ýok ýerinde millet hem bolmayar, bolaýanda-da uzaga gitmeýär… Taryhçylaryň, sene ýazuwçylarynyň, beýleki akyl zähmetiniň işgärleriniň ýazgylaryndaky türkmen baradaky maglumatlar özüniň dürli-dürlüligi gapma-garşylyklydygy bilen geň galdyrýar… Türkmeni hem her kim özüçe, öz tarapyndan görüpdir. Şeýle görnüşde bitewülik däl-de, hususylyk, doly hakykat däl-de, ýarym ýa-da kem-käs hakykat agdyklyk edýär. Ýarym hakykatyň ýalandan hem uly zyýanlara getirýändigi bellidir. Hususylyk bolsa biziň döwrümiziň paýhas ýörelgeleri üçin iň uly duzakdyr» (22-23 s.).
Şeýlelikde, akyl ýetirişiň bitewülik ýörelgesi hususylyga garşy goýulýar. Hususylygyň netijesi – ýarym hakykat, bitewüligiň miwesi bolsa doly hakykatdyr. Munuň özi islendik akyl ýetiriş babatda ulanarlykly ýörelgedir. Beýik Serdaryň millet barasynda gürrüň edýänligini bellemek gerek. Şonuň üçinem ol beýik akyldarymyz Rumynyň körler baradaky tymsalyna ýüzlenýär. Emma bu ýerden getirilip çykarylýan bitewülik ýörelgesiniň ählumumy ähmiýeti we manysy bardyr. Ol hertaraplaýyn pelsepe ýörelgesidir. Şonuň üçinem ony islendik babatda – tebigat bolsun, jemgyýet bolsun, ruhy meseleler bolsun – ulanmak maksadalayyklykdyr. Bitewülik usulyýet çemeleşmesi hökmünde her bir babatda ulanarlyklydyr.
Şu ýerde Ruhnamanyň bitewülik ýörelgesine käbir düşüniliş barada belläp geçmeli hasap edýäris. Millet bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli, käbirlerimiz bu ýerdäki «bitewülige» milli agzybirlik, ylalaşyk, oňşuk manysynda düşünmäge howlugýarys. Elbetde, bir tarapdan munuňam dogry bolmagy mümkin. Ýöne ony düşünilişiň diňe bir – deslapky derejesi hasaplaýarys. Aslynda, üns bersek, gürrüňiň, umuman, milli ýaşaýyş däl-de, eýsem millete düşüniş dogrusynda, ýagny akyl ýetiriş barada gidýändigini görmek kyn däl. Akyl ýetiriş meselesi bolandygy üçinem bitewülik diňe bir we ýöne bir durmuşy-jemgyýetçilik gymmatlygy däl-de, eýsem pelsepe, akyl ýetiriş ýörelgesidir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitewülik ýörelgesi islendik zady, meseläni doly, töwerekleýin, başdan-aýak göz öňüne getirmegi, onuň ähli taraplaryny jikme-jik öwrenip, umumylaşdyryp, diňe şondan soň gutarnykly netijä gelmegi talap etdi. Diňe şeýle edilende, ýagny bitewülik ýörelgesi esasynda çemeleşilende, biz meseläniň ýa zadyň düýp manysyna dogry akyl ýetirdik hasaplap bileris. Diňe şondan soň gelnen netije iş ýüzünde hakykata barabar bolup biler, hakykaty doly öz içine almaga ukyply bolup biler.
Beýik Ruhatamyzyň pähimlerine-de hut şo hili bitewülik mahsusdyr. Göwrüm taýdan kiçiligine garamazdan, olarda hakykat edil deňziň damjalardan jemlenişi ýaly jemlenipdir. Olar – hakykatyň umumylaşdyrylan, bitewüliginde alnan kiçi modelidir.
* * *
Ruhnamanyň bitewi taglymatyny emele getirýän ugurlaryň ýene biri ahlak pelsepesidir. Diňe bir hil däl, eýsem göwrüm taýdanam ahlak pelsepesi bu kitabyň mazmunynda-da uly orun tutýar. Kitabyň iki jildinde-de ahlak pelsepesi giňden beýan edilipdir. Birinji kitapda halal, haram, haýyr-şer, haram baýlyk-halal baýlyk, mertlik-namartlyk, ruhy azatlyk hem ruhy gulçulyk ýaly ahlak meseleleri pelsepe taýdan derňelipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ahlaga adamzadyň esasy gymmatlygy hökmünde garady. Ahlak Allatagalanyň ýola goýan adamçylyk kanunlaryna laýyklykda ýaşamakdyr. Adamzadyň Alla tarapyn ýaradylanlygy üçin, ahlaklylyk adamyň asyl tebigatynda, zandynda bardyr. Emma dürli sebäplere, hususanam, adamyň özüniň erkinligine, ejizligine görä, ahlaky kadalar bozulyp, käbir adamlar ahlaksyzlyk ýoluna düşýärler. Ruhnama ahlak meselesini giňden, pelsepe tarapdan teswirleýär. Şonuň üçinem ahlak hem ahlaklylyk munda haýsydyr bir anyk, dar hadysa däldir, eýsem ol adam ýaşaýşynyň adamkärçilik bilen baglanyşykly gymmatlyklary bilen şertlendirilendir.
Edep adamyň öz ýaşaýşynyňam, jemgyýetçilik ýaşaýşynyňam hökmany kanunalaýyklygydyr. Edepli, ahlakly bolmak şol kanunlara layyk ýaşamakdyr. Munuň özi oňyn ahlaky gymmatlyklary berjaý etmegi, ahlaksyzlykdan gaça durmaklygy aňladýar. Saparmyrat Türkmenbaşy ahlaksyzlygyň sebäplerini we emele gelşini dialektiki pelsepe arkaly şeýle açyp görkezdi:
«Galplyk – ikiýüzlülik, öz asyl keşbiňi gizlemekden ötri başga biri bolup görünmekdir. Adamyň ahlak çüýrükligi şundan başlanýar, haramylyk şundan başlanýar. Näme üçin adam özüniň asyl ýüzüni gizlemäge mejbur bolýar? Sebäbi onuň içki mazmuny – ýüregi we edýän işleri köpçülik tarapyndan makullanýan ýörelgelere ters gelýär… Şeýdip hem türkmeniň ýek ýigrenýän häsiýeti – ikiýüzlülik döreýär. Beýle adam betbagt kişidir. Ol adam iň beýik gymmatlykdan – içki ahlak azatlygyndan mahrumdyr.
Allatagala adamy şeýle ýaradypdyr – hakyky azatlyk hem, hakyky gulçulyk hem adamyň içindedir» (201-202 s.).
Şeýlelikde, ahlagyň üç sany tarapy, gatnaşyjysy bar: Allatagala – ahlagy ýaradyjy, jemgyýet – ahlagy talap ediji, adam – ahlagy berjaý ýa-da ret ediji. Şularyň özara gatnaşygyndan ahlaky ýaşaýyş we ahlaky düzgünler kemala gelýär. Hut şulary göz öňüne tutmak bilen, Mukaddes Ruhnamada dürli ahlaky düşünjelere we gymmatlyklara çürt-kesik baha hem kesgitleme berilýär. Ylaýta-da türkmen ýaşaýşynyň ýüzlerçe ýyllyk dowamatynda ulanylyp gelnen ahlaky düşünjeler many hem pelsepe esasda açylyp görkezilýär. Olaryň durmuşda ulanylandygyna garamazdan, köplenç, nazary tarapyndan kesgitlenilmändigini, munuň ilkinji gezek Mukaddes Ruhnamada amal edilendigini aýtmak gerek. Şeýle-de türkmeniň ahlaky gymmatlyklary Mukaddes Ruhnamada gaty baýlaşdyrylýar, olaryň üsti ýetirilýär, ahlaky düşünjeler mukdar tarapyndanam, hil taýdanam has baýlaşdyrylýar.
«Ýagşylyk – öz bähbidiňden geçmäni başarmakdyr, ýamanlyk – iliň bähbidine hyýanat etmekdir» (331 s.).
«Haram – jemgyýete zyýan etmekdir.
Halal – jemgyýete haýyr etmekdir» (332 s.).
Ýagşylyk-ýamanlyk, haram-halal ýaly ahlaky düşünjeler Ruhnamada jemgyýet, il-gün bilen baglanyşdyrylýar. Munuň özi biziň milli aňymyzyň ähli beýleki babatlarda bolşy ýaly, ahlak meselelerinde hem dünýewileşendigini görkezýär. Ondan ozal şol duşünjeler tas diňe dini mazmunly düşünjeler hökmünde oňlanylýardy. Şonuň üçinem Mukaddes Ruhnamanyň ahlaky düşünjeleri dini-ahlaky düşünjelerden tapawutlanýarlar. Emma şol bir wagtda-da bir zady bellemelidiris: dünýewileşmek hudaýsyzlaşmak däldir. Ol diňe dini ahlagyň pelsepe esaslaryna eýe bolmagydyr. Netijede munda adamyň hereketleri diňe daşyndan – Alla tarapyn däl, eýsem içinden – adamyň özi tarapdanam kesgitlenilýän bolup çykýar. Munuň özi adamyň öz hereketleri babatdaky jogapkärçiligini bimöçber artdyrýar. Hut şonuň üçinem Ruhnamada «Halal baýlyk imana deňdir» (361 s.) diýilýär. Diýmek, diňe bir din ahlagy däl, eýsem ahlak hem dini keşbi kesgitleýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy biziň ýüzlerçe ýyllyk goldanyp gelen, emma düýp pelsepe kesgitlemesi entek hiç kim tarapyndan berilmedik ahlaky düşünjeleri pelsepe derňewiniň işine öwürdi. Şonuň üçinem adaty, durmuşy ahlaky düşünjeler, ahlak-pelsepe adalgalaryna öwrülýär.
«Baýlyk – bu bir ýöne maddy zatlardyr.
Rysgal-döwlet – bu eýýäm ruhy-ahlak gatançly maddy nygmatlardyr. Döwlet – halal gazanç bilen gazanylan zat. Rysgal – adamyň halal hereketi üçin Allanyň oňa berýän nygmatlarydyr» (368 s.).
Saparmyrat Türkmenbaşy köneden gelýän ahlaky düşünjelere şeýle çuňňur hem täzeçe kesgitleme bermek bilen çäklenmedi. Onuň ahlak pelsepesinde biziň ozal bilýän düşünjelerimiz has giňeldilýär, köpeldilýär, anyklaşdyrylýar hem-de üsti ýetirilýär. Muňa «nebis» diýilýän ahlaky-pelsepewi düşünje mysal bolup biler. Ruhnamanyñ ikinji kitabynda şeýle ýazylypdyr:
«Nebisjeňlik ýa-da betnebislik ten duýgularynyň çäginden ýokary galyp bilmezlikdir. Türkmen aňyýetiniň gazananlaryny umumylaşdyrsaň, nebsiň aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyryp bîlar:
Baýlyk nebsi.
Jynsy-ten nebsi.
Hereketsizlik nebsi.
Garyn nebsi.
Jan nebsi.
Hökümparazlyk nebsi» (388 s.).
Soňra nebsiň bu görnüşleriniň her birine pelsepe kesgitlemesi berilýär. Mukaddes Ruhnama – adamsöýüjilik taglymatydyr. Şonuň üçinem onda nebisjeňlikden, umuman, kyn ýagdaýlardan çykmagyň ýollary görkezilýär. Nebisjeňligi ýeňip geçmegiň ýoly tobadyr.
«Toba – ruhy sahsyýet hökmünde gaýtadan dogulmakdyr. Şonda adam öz nebis betnyşanlygyndan doly arany açyp, deregine imanly göwün ediner.
Toba – öz-özüňi döretmekdir» (399 s.).
Soňky kesgitleme ahlak meselesinde şahsyýetiň erkindigini nygtaýar. Şahsyýet öz hereketleri üçin doly jogapkärdir.
* * *
Ruhnamanyň ahlak pelsepesinde «iman» gymmatlygy uly orun tutýar. Şu düşünjäni pelsepe taýdan işläninde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ata-babalarymyzyň iman ýörelgesini umumylaşdyrmak bilen bir wagtda imanyň entek açylmadyk pelsepe örüsini açýar. Onuň ýazyşy ýaly, «iman – adam şahsyýetiniň ruhy azatlygynyň meselesidir». Ol imana adamyň hut özüniň ýetmeli ruhy derejesi hökmünde kesgitleme berdi.
Sap dini ahlakdakydan tapawutlylykda, ýöne oňa gapma-garşylyk hökmünde däl-de, onuň üsti ýetirilmesi hökmünde Ruhnamanyň ahlaky pelsepesinde imanyň görnüşleri has anyklaşdyrylýar. Ruhnamada şeýle ýazylýar:
«Dünýewileşiş halatynda imanyň täze görnüşleri peýda bolupdyr. Olary:
Hudaýa iman;
Watana iman;
halka iman;
ýaşaýşa iman;
ahlaga iman – görnüşlerinde tapawutlandyryp bolar» (376 s.).
Ruhnamanyň ahlak pelsepesi Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň nähili çuňňurdygyny, näderejede anyk hem esaslandyrylandygyny aýan edýär. Esasy zat – Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatyny bitewüliginde kabul etmek, düşünmek, şeýle-de ony ak ýürekden berjaý etmekdir. Munuň özi biziň her birimiziň öz ýaşaýşymyzdaky bitewüligi – pikirlenmek hem hereketlenmek birligini hasyl eder. Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmeniň öňki ruhy eýýamlaryndaky taglymatlardan tapawutlanýan taglymatynyň baş aýratynlygy-da adama ýöne akyl bermän, eýsem onuň ýaşaýşyny özgerdýänligidir. Ýaşaýyş bolsa hereketdir. Hut hereketem, onda-da ýokary tizlikdäki hereket Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamynyň baş sypatydyr.
Osman ÖDE.
Publisistika