|

Романс

Романс РОМАНС

Я вас любил всей силой первой страсти.
Я верил в вас, я вас боготворил.
Как верный раб, всё иго вашей власти
Без ропота покорно я сносил.

Я ждал тогда напрасно состраданья.
Был холоден и горд ваш чудный взгляд.
В ответ на яд безмолвного страданья
Я слышал смех и колких шуток ряд.

Расстались мы – но прежние мечтанья
В душе моей ревниво я хранил
И жадно ждал отрадного свиданья,
И этот час желаемый пробил.

Пробил, когда, надломанный судьбою,
Устал я жить, устал я ждать любви
И позабыл измученной душою
Желания разбитые мои.

23 июля 1878 г. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle
|

Romans

Romans ROMANS

Romans

Çolaja bir ýerden çykarman sesin,
Sandyrap gijara bir çigrekli güýz,
Betbagt söýginiñ gizlin miwesin
Golunda göterip barýardyr bir gyz.
Ümsümlikdi ㅡ daglar, tokaýlar, düzler,
Gijäniñ tümünde ukuda dünýä.
Bar zada gorkuly bakýardy gözler,
Tümde töwerekde-daş gorkunç görünýä.

Aýak çekdi ol uludan alyp dem
Hem bigünä perzendine seredip,
Diýdi: ''Sen entejik ukuda, balam,
Bihabar sen çekýän jebrinden ejeñ.
Ajygyp oýansañ, sermeläp tapmaz
Ak elleriñ ejeñ süýtli göwsüni.
Ertir, balam, seni öz ejeñ öpmez,
Ýersiz ýere atarsyñ sen owsuny.

Gözläniñ haýp bolar, tapmarsyñ ony!..
Maña baky utanç öz günäm meniñ.
Belki, sen ömürlik undarsyñ meni,
Ýöne men unutman, eý, dünýäm meniñ!
Indi ýat adamlar hossaryñ bolar
Hem diýerler saña: ''Sen bize saýry!''
Sen bizi sorarsyñ: ''Nirede olar?''
Tapmarsyñ, çekersiñ endişe, gaýgy.

Betbagt sen! Oglanjyklañ ýanynda
Gam çekersiñ, oýa batarsyñ her dem.
Göwnüñ synyk, hesret bolar janyñda,
Näumyt bolarsyñ mähriñden eneñ.
Ähli ýerde ýalñyzlygny duýarsyñ,
Elmydama gargarsyñ şum ykbala.
Gyjyt çekip, öz-özüñi iýersiñ,
Ine, şonda meni bagyşla, bala!

Belki, bir gün duşarsyñ öz ataña,
Dowamat gözlegdir ýetimiñ paýy.
Sen şonda göz ýumup meniñ hatama,
Unudyp gursakda orn alan dagy,
Diýeweri: ''Enem seni agtaryp,
Çydam etmez ýowuz hijrandan ýaña,
Bu dünýäden ötdi ㅡ diýgin ㅡ sargaryp''.
Şeýdip bir ýagşylyk eýlegin maña.

Nämeler samraýan, belki, ulalyp,
Aýyply eneñe duşarsyñ ýene.
Şonda seni tanan çagym uýalyp,
Bakan wagtym, rehim etgin eneñe.
Ýalbarmakdan peýda bormy pelege?!
Ýok, ol meniñ nalyşyma bakmaz hiç.
Aý, ýok, indi duşma ýokdur eneñe,
Duşmak ýokdur ahyreýýama deñiç!

Ýatyrsyñ sen, bagtsyz balam, oýanma,
Soñky ýola basýan seni bagryma.
Adalatsyz kanun ýowuz bolanda,
Aýralygy salar eken bagtyña.
Ýaşa sen şatlygyñ gadryny bilip,
Aý-ýyllar eliñden almanka heniz.
Ýat, ezizim! Ajy gam-hasrat gelip,
Señ bagtyñy batyl etmesin hergiz!''

Agaçlañ üstünden Aý göge galyp,
Golaýda bir külbä ýagtysyn saçdy.
Şonda ýaş enäniñ reññi saralyp,
Ejizledi, halys ysgyndan gaçdy.
Gapa golaý gelip, çala egilip,
Ýaş çagany ýat gapynyñ öñünde
Goýdy-da, gorkudan lerzana gelip,
Ýitip gitdi gara gijäñ tümünde.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.

■ EPIGRAMMA

(Fransuzça öýkünme)

Meni halys ýesir etdi seniñ aýalyñ,
Ýesir etmezçe-de däldi katdy-jemaly.
Ýöne şeýle üç aýaly berse ykbalym,
Şeýtana mugt bererdim olañ ikisin,
Üçünjisin almaga-da ol razy bolar ýaly.

Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle