|

Rok — saz

Rok — saz Nobatguly REJEPOW

▶ ROK—SAZ

Rok—saz
Pop—saz
Ýok munda ýok saz.
Oklukirpi ýaly saçlak pyýada
Mikrofony gemrip,
jynssyz gygyrýar.
Çuw-ýalaňaç bolup utanç-haýa-da
Çagyrýar,
sygyrýar,
bagyrýar,
Şalkydaýar ýelinse yz göwüsler,
Güjeňläp sagryny,
çyplaň uýlugy.
Zair äheňinde
Iňlis sazyna
Çaýkanýar,
bulanýar sowet guýrugy.
Şaňňy saza asman-zemin yranyp,
Jaý atylyp barýar wagşy aýdymdan,
Göräýse, Homeýnem gider ynanyp,
Adamzadyň döränine maýmyndan.
Kimse içýär ogşap ap-ak mämeden,
Kim kimsäniň tumşugyny owradýar,
Kim gaýtaryp ýatyr…
gadym Dionis
Biziň asyrmyzda maýmyn oýnadýar.
Boýny ak bantikli mähnet gara it
Çepde çarşak, bulgury sag penjede
Stoluň başynda aldygna içip,
Bimany seredip otyr jenjele.
Ýaşyn sylyp salpy gulagy bile
It meý içip,
it içigip çyňsaýar.
Adamzadyň wagşyýana meýlisi
Itiň itleç dünýäsine sygmaýar.
Alajy ýok: ol ölmeýär, ýitmeýär,
Başardanok başyn alyp gitmegem,
Bu nä dünýä?
adamlar-a itleşýär,
Bu nä dürmuş?
adamlaşýar itlerem!?

SÖWDA

Ejesi satarman bolanmyş gyzyn,
Lomaýja,
Özüniň bir golaýna.
O gyz bolsa pikir etmän sähelçe,
Obadan gaçypdyr garaman yzyn.
…Kimiň kerebine düşüpdir tula
Hem biljek däl nämä göwün berenin.
Hilesi kän,
pirimi kän şäherde
Çykarypdyr bölek-büçek satuwa
Gülden näzik,
Günden mährem bedenin. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи