Rodoguna
Rodoguna

Köpetdagyñ başy degýär asmana,
Äpet göwresine buýsanýar bu dag.
Eteginde ýaşar eken erkana
Ärsaklar şalygynyñ paýtagty Nusaý.
Şol ýerde-bu dagyñ gök eññidinde
Jülgäniñ depesinde şäherler şasy-
Görnüp dur haraba öwrülip giden
Parfiýa ýurduñ gadym galasy.
Her tamus bu ýere gelip arheolog,
Geçirýär galada gözleg-agtaryş.
Nam-nyşan galmandyr köne köşklerden,
Bar diýmeseñ küýze döwgi ýa nagyş.
Ýöne yhlas bilen gazýar ol ýene.
Emma diñe gadym külallañ ýasan
Gap-gaçlaryñ böleklerinden başga
Zat ýokdy ýerinde bu köne desgañ.
Gadymýete teşne alym ýene-de
Yhlas bilen işin edende dowam,
Ine birden çykdy onuñ öñünden
Ak mermerden nepis ýasalan jenan.
Ak ýüzli bir gyzyñ täsin heýkeli,
Ýaş hemem owadan, gadymy gözel
Alymlaryñ aklyny heýjana saldy
Ýaşap geçse-de ol kän asyr ozal.
Sorady: «Eý, gözel, kim bolarsyñ,
Meger, rowaýaty Rodogunasyñ?!
Çal saç alym bakýar geñ galma bilen,
Synlap gözel gyzyñ mermer synasyn.
Jadyly keşbi göýä diri deý,
Çuw-ak ýüzi daga tarap egipdir,
Ajaýypdy onuñ sagrysy, göwsi
Saçy göýä gül suwuna ezlipdir.
Nazarynda bardy howsala, gussa
Gamly oýlar bardy oñ başynda
Alym Mitridatyñ şöhratly gyzy
Hakda rowaýaty ýatlady şonda.
Ol gyz çäge kenarynda Ýefratyñ
Tapdy özün bagtly eden şöhratyn.
Şonda suwa düşýärdi ol derýada,
Gorkyny, hasraty salmazdan ýada.
Ine, birden daşdan gelýän bir atly
Çapar derrew gyzyñ ýanyna ýetdi.
Ol tolgunyp, diýdi: «Melike, diñle,
Mert bol, bir ýaramaz habar bar mende.
Biziñ etraplara ýetişdi duşman.
Halas bolma kyndyr indi çaknyşman».
Rodoguna derrew hyzmatkärlerine
Söweş enjamlaryn häzirläñ diýdi.
Gylyç, naýza, galkan alyp eline
Hem egnine zerli sowudyn geýdi.
Ine, gyz mertlerçe söweşe barýar,
Yzynda parfiýañ batyr goşuny.
Ýowy urup, ýykyp, sanjyp, agdarýar,
Eýmenmän, dik tutup belent başyny.
Gözleri gazapdan ýyldyz dek ýanýar…
Synýar duşman polat gylyç tygyndan,
Ýeñilip parfiýañ batyr gyzyndan
Umma gaçýar gelen ol ýowuz apat.
Dag-derýalar ýene bolýar parahat.
Şol jeñde şa gyzy gazandy şöhrat,
Şu gün hem öçmändir bu şöhratly at.
Witaliý ŞATALOW.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular