Razylyk
Razylyk
Dor atyn säpjedip ajal gelýänçä,
Sanalgyň dolýança garaşyp ýörmän,
Razylyk hakynda şondan bärde-de
Gürrüň edip boljak ýalyrak görýän.
Razy men her kimden, dostdan, duşmandan…
Aslynda duşmanym ýokduram weli,
Köpçülik-dä,
Tapylaýmagam ahmal
Çemin tapsa, çakjak bolýanam meni.
Çaksa, çakybersin, ýetişip bilse,
O tetelli içýanlardanam razy.
Ir-u-giç her ýerde hüşgär gezmegi
Öwretjek şol kişiň özüdir, özi.
Razy otdan-ýelden goran söýgimi
Samança-da görmän depgilän gyzdan.
Arzuwlaň baryna ýetilmeýänin
Öwrendi bu gursak şol uly tygdan.
Şol gyzy al bilen elimden alan,
Soňra dostum bolandanam razy men.
Dost saýsamam,
Taşlap gidip kä ýerde,
Soň öwrülen galamdanam razy men.
Razy çagalykda göwün islänim
Alyp beren, käte alyp bermedik
Atam hem enemden.
Öwrendim çünki
Bir zada ýetmegi maňlaý derledip.
Razy “Şoň ysyna bolamok” diýsem,
Burnumyň öňünde çilim çekenden.
Şol çilim tüssesin sorup öwrendim,
Adamlaryň täsindigni çakyňdan.
Ölmän ýaşap ýörseň, adaty zada
Öwrülýär ekeni ajy tüsse-de.
…Ulagly tanşymdan razy men, razy,
Ýolda görmezlige salyp gitse-de.
“Iýen çöregimiz aýry gitmesin”.
Dogan okaşmagy tapsa-da özi,
Tapanyny menden ýaşyryp iýen,
Jan ýaly “nätanyş dogandan” dogandan razy.
Bildim has çuň söýýänini durmuşy
Onuň şarpygyny has köp dadanlaň.
…Ykbaldan kinäm ýok,
Razy her kimden.
…Ýöne menden razymyka adamlar?! Goşgular