|

Razy men

Razy men RAZY MEN

Razy men bu dünýäden – 
Ömürboýy pikir edip,
Diýjek sözüm diýip gitsem,
Beren duzuň doly haklap,
Watan duzun iýip gitsem.

Razy men bu dünýäden – 
Üşän wagty ojar bolup,
Dostum üçin köýüp gitsem.
Müň gözeli gowy görüp,
Bir gözeli söýüp gitsem.

Razy men bu dünýäden — 
Ýamanlara tiken bolup,
Ýüreklerne batyp gitsem,
Al gül bolup, ýagşylaryň
Toýlaryny tutup gitsem.

Razy men bu dünýäden — 
Ajal bilen dikleşemde,
Aglap däl-de, gülüp gitsem,
Dünýäde artyk bolmanmy,
Kem boljagmy bilip gitsem.

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle