|

Rahy aganyñ tudy

Rahy aganyñ tudy RAHY AGANYŇ TUDY

Otyr bir garry tut urup köküni,
Çar ýana uzapdyr merdem gollary.
Gojalar aýdýar: “Inim, bu tudy,
Ýetişdirdi Rahy agaň elleri.”

Oturdanda daýhançylyk zehinin,
Topragyň göwsüne edipdir melhem.
Tut ösüpdir başyn baglap asmana,
Üstünden köp ýyllaň ýelleri öwsen.

Aýdym aýdyp, läle kakyp şahada,
Tudana çöpläpdir gyzdyr oglanlar,
Kerwenler bu ýerde ýazdyryp ýükün,
Kölgesine dynç almaga sowlanlar.

Şondan bäri uzak ýyllar geçse-de,
Onuň tudy welin saklanýar eziz.
Rahy aga ölüpdir,
Ýok, ýok ölenok,
Tudy bilen bile ýaşaýar heniz.

Mart, 1970 ý.

Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle