|

Pyşbaga bilen içýan

Pyşbaga bilen içýan PYŞBAGA BILEN IÇÝAN

Bir pyşbaga bilen bir sary içýan
Äht edişip, dost boluşyp jana-jan,
Günleriň bir güni ýola çykanmyş,
Ikisi-de kemerlerin dakanmyş.
Ýolda içýan diýen aýnadyp dilin:
«Dostum, men oýlanyp görýärin welin,
Ýokdur saňa menden ýakyn, mähriban,
Biz ikimiz göýä bir tende bir jan!»
Şo pille hem öňden bir ýap çykypdyr,
Içýan aljyrapdyr, herýan bakypdyr.
Pyşbaga dostuna diýipdir: «Şepe,
Näme üçin birden sen bolduň hapa?»
Içýan diýen: «Ýok, meň ýüzmek adatym,
ÖZüň bilýäň, gumda gezmek adatym.»
Dosty diýen: «Gam iýme-de mün meni,
Suwdan sag-amanja geçirin seni!»
Dostuny hopba edip, boýnuny sozup,
Pyşbaga başlapdyr tolkunda ýüzüp.
Ýolda içýan dostun ençe çakypdyr,
Zäherini aýamazdan döküpdir.
Pyşbaga diýipdir: «Niýetiň ýaman,
Gaýtsaň päliňden, başyň bor aman.
Dost diýip, duşmanyň etme sen işin,
Oýlan, birden gözden akmasyn ýaşyň.»
Içýan diýen: «Şu boluşym besdir, bes,
Kişi wesýetine edemok höwes!»
Pyşbaga dostuna nägile bakyp,
Bir çümüpdir. Içýan gidipdir akyp.

* * *

Kim duşmandan tutsa ülpet,
Öz başyna geler külpet!

1914 ý.

Hamza HEKIMZADA.

Terjime eden G.GURBANSÄHEDOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1961 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle