|

Pyragy ili — Beýikler ili

Pyragy ili — Beýikler ili PYRAGY ILI — BEÝIKLER ILI

Pirim, tagsyr Magtymguly,
Okan medresäñi görsem.
Iliñ şahyr Seýdi ogly,
Seniñ-de obaña barsam!

Andalyp hem Şeýdaýyny,
Baýram Hanyñ ol jaýyny,
Bolup göýäki Saýyly,
Türkmenimi synlap dursam.

Mollanepes şygyr ýazan,
«Zöhre-Tahyr» dessan düzen,
Mätäjiniñ joşup gezen,
Daglarynda gezsem ýörsem.

Zelili çekmiş jepany,
Nowaýy görmän wepany,
Kemine şahyrym kany,
Mekanynda meýlis gursam.

Durdy şahyr aýdyş guran,
Aşyk Aýdyñ sapak beren,
Guburyña edep bilen
Başym egip, salam bersem!

Misgingylyç döräp ýeten,
Hem Gaýyby munda ýatan…
Ýürek sende gezer, Watan,
Myrady — kimligim sorsañ…

Şaýmerdanguly MYRADY,
Päkistanly türkmen. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle