Pyraga
Pyraga

Beýik pirim, eý, Pyragym,
Seniň otly pyganyň bar!
Öçmezdir şöhrat çyragyň –
Arşa degen dessanyň bar.
Adyň siňdi bakylyga,
Sözüň döndi nakyllara;
Jünbüş berip akyllara,
Kalba salýan lerzanyň bar.
Aýra düşdüň sen ataňdan,
Çowdur handan, Aldyllaňdan;
Nala kylypsyň hijrandan ‒
Şygyrlarda girýanyň bar.
Aýryldyň gunça gülüňden,
Meňli gyzyň gül ýüzünden;
Gahba pelegiň jebrinden
Köýen kalpda armanyň bar.
Emma laýa batman göwnüň,
Il-halka bagş etdiň ömrüň.
Saňa nazar salmyş Taňrym –
Arşdan medet bereniň bar.
Ser salyp Arşyň kemerne,
Diň salyp Ýeriň damarna,
Aň salyp dünýäň çygryna,
Sapar kylan seýranyň bar.
Ferdöwsi, Attar, Jamy dek,
Jelaleddin Rumy dek,
Nowaýy dek, Nyzamy dek
Ägirtlerden ýaranyň bar.
Ýüz öwürmän azap-rençden,
Döredipsiň diňe gençden;
Guşgursak, dokmaňyz çäçden
Sap tyllaýy harmanyň bar.
Her sözüňi bir köşekli
Düýä deňlär türkmen kökli;
Üsti lagly-merjen ýükli
Jöwahyrly kerweniň bar.
Çyn göwher galar güýjünde,
Könelmez müň ýyl geçende;
Bu dünýäniň çar künjünde
Seniň müňläp haýranyň bar,
Her kelamyň nusga deýin,
Zyban goýduň asal deýin;
Minnetdardyr nesilleriň ‒
Kalplar içre mekanyň bar! Goşgular