| | |

Pyhy Tagan

Pyhy Tagan PYHY TAGAN

Pyhy Tagan

Belli ýomakçy şahyr Pyhy Tagan 1920-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Bereket şäherinde dünýä inýär. Ol Büzmeýinde mugallymlary taýýarlaýan kursuny tamamlaýar. 1938-nji ýyldan başlap, Guýlar obasynda mugallym we mekdep direktory bolup işleýär. Soňra şol wagtky Nebitdagyň ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kombinatynda fotograf bolup işe başlaýar. Nebitdag telestudiýasynda işleýär, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda-da fotohabarçy bolup işlemek bilen metbugat işine ýakyndan ýardam berýär.
Pyhy Tagan döredijilik işine 1938-nji ýylda ymykly girişýär. Onuň ilkinji goşgulary Bereket etrap gazetinde we “Tokmak” žurnalynda çap edilip başlanýar. 1944-nji ýylda neşir edilen “Şahyrlar sesi” atly ýygyndyda Pyhy Taganyň “Güman ýok” diýen goşgusy ýerleşdirilýär.
Belli ýomakçy şahyr Pyhy Tagan şondan soň ýurduň ähli gazet-žurnallarynda, teleradioýaýlymlarynda yzygiderli çykyş edýär. Pyhy Taganyň “Harasada garşy”, “Il aýdar”, “Tazygan jeren”, “Meniň saçagym” atly goşgular, rubagylar, poemalar ýygyndylary çap edilýär.
Pyhy Tagan 2005-nji ýylda aradan çykýar.

Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/167. 05.09.2022ý. Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle