| |

«Pygamberiñ özi gelip, öwüt berse…»

"Pygamberiñ özi gelip, öwüt berse…" «PYGAMBERIÑ ÖZI GELIP, ÖWÜT BERSE…»

Bir gün Harunerreşit Bohluldan:
— Meniñ ahyretimi nähili görýärsiñ? — diýip soraýar. Bohlul:
— Kyýamatda öz ornuñy şundan bilersiñ diýip, Gurhandan aşaky aýary okaýar: «Innel-ebrare lefi: na’y:min. We innel-fujja-re lefi: jahy:m»(82-nji süre, 13-14-nji aýatlar) («Her halda ýagşy adamlar nygmatdadyrlar we pyssy-pyjurlyk edýänler jähennemde»). Harun:
— Onda meniñ Hudaýyñ Resuly bilen garyndaşlygym nähili bolar — diýýär. Bohlul ýene-de Gurhandan aşaky aýaty getirip jogap berýär:
— «Fe izä: nofihe fis-su:r-e fela ensa:be beýnehom…» («Sur çalnanda aralarynda garyndaşlyk galmaz»), ýagny kyýamat gününde haçan-da, Allatagalanyñ rugsady bilen Ysrafyl suruny çalanda, hiç hili garyndaşlyk arada bolmaýar we seniñ pygamber bilen garyndaş bolmagyñ, haýyr iş eden bolmasañ, saña hiç hili peýdasy bolmaz — diýýär. Şonda halyf:
— Beýle bolsa, pygamberiñ şepagaty nirä gider? — diýýär. Bohlul:
— Pygamberiñ öwladyna (perzentlerine) zulum we sütem eden adam onuñ şepagatyndan mahrumdyr — diýip jogap berýär. Harun:
— Menden pygamberiñ öwladyna näme zulum ýetipdir? — diýýär. Bohlul:
— Mundan beter zulum bolarmy, sen Hudaýyñ Resulynyñ jiger parasy Musa ibn Japary hiç hili günäsi ýok ýerden zyndana atdyñ — diýýär.
Harun bu sözleri eşidip, başyny aşak salyp, gözýaş edýär, gözýaş onuñ sakgalyny ölleýär. Şonda Harun:
— Eger men toba etsem, tobam kabul bolarmyka? Bu işim meni azapdan halas edermikä? — diýýär. Bohlul oña ýüzlenip:
— Ýolbaşçy bolmaklygy söýmek seni şeýle bir gapyl edipdir welin, hatda şu mahal pygamberiñ özi-de gelip, saña öwüt-nesihat etse, sen öz erbet işleriñden el çekmersiñ. Meni biderek ýere mätel etme — diýip, Harunyñ huzuryndan çykyp gidýär.

Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle