|

Puryja

Puryja PURYJA

Puryja

Ýene «Çopan ata» gonamçylygy…
Ýere siñip ýatan solgun mazarlar
Ýene kelleagyry…
Eýmenç çakyza.
Synamy gaplady ynjy-azarlar.
Içgysgynç ümsümlik…
Janly-jandar ýok,
Ýumlugypdyr birýan aýgyr pişikler.
Ölüpdir ynsanlyk,
ölüpdir ynsap
Çyn söýgiñ jürüni dikipdirler-ä!
Bir-birden söndürip umyt ýalkymyn
Brunony dañyp agaç sütüne
Ýakyşlary ýaly ýakypdyrlar-a…
Kesilipdir mundan alty ýyl owal
Sosnanyñ düýbünden şildiräp akan
suwlar…
indi dodak öllemäge-de,
Satyn alyp içýän bir owurt suwy.
Kepäp ýatyr şehit edilen Aral,
Bireýýäm gyryldy ördegi, guwy…
Ertiriñ-ä mundan gowy bolar diýip
Ýalandan göwnümi aldamaga-da
Mejalym ýok.
Ejabym ýok…
ýitipdir.
Kyýamatmy?
Aý ýok… entek-enteg-ä,
Dünýäñ puryjasy bara meñzeýär.
Añ gözüñi açsañ görünýär pelle
Kowlamaga meýdan dara meñzeýär.
Şugulça, akmaga, doga tentege
Döwran dolanypdyr edil şu pille
Zordan aýlanyp dur dünýäñ nepesi
Sümlen ýaly göýä döşüne gülle
Için tutup ýatyr adamkärçilik.
Oýun ýaly boldy haj parzy, selle…
Boş bolsa-da ýetik eken ýekesi
Özünden müñ esse göwnühoş kelle!
Dünýäniñ galanja puryjasynda
Geýmesem-de —
günde zer halat, hülle
Içmesem-de —
günde gyzyl şeraby
Gezmesem-de —
Häzirbegjan, Yragy
Ýönekeý şahyryñ derejesinde
Bolan, boljak ähli nogsanlyklara
Kelleagyrydan,
çakyzadan
çetde durup dürli yza-azardan
Men şu gün arkamda nijeme ýyllap
Hopba bolup gelen bir boş mazardan
Sypyndym-da çykdym dünýäñ giñine.
Agyrylarym gitdi umma,
Göterildi towsa derdim.
Urdum..
men özümi yşkyñ oduna
Öñde…
görünse-de dünýäñ pellesi
Semenderiñ jany otdadyr otda
Ölerin men otdan çykan badyma.
Gumsagat ýöreýär…
wagt gidip dur.
Ýaýdanjyñ wagty däl,
Müddetler çäkli.
Kyýamat daşdadyr,
ýakyndyr belki…
Bilemok men anygyny o zatlañ.
Bu diñe dünýä däl,
Ikimize-de
Berilen puryja,
Bil, şony ilki… Goşgular
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle