|

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy PULUŇ BAŞARNYGY BARADA AGTYMTYL GOŞGY

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy

Ukyby bar, köp zat etse,
Pul diýlen närse.

Oňlasa gül eder ömri,
Oňlamasa kül.
Hökmürowan, güýçli emri,
Dabaraly pul.

Sagaldyp biler saglygy,
Giňeldip biler darlygy.
Bir aý deriňi dökdürer,
Aljak bolsaň bir “aýlygy”.

Oňarýar pul, kän zat, gaty.
Ýöne käbir başarmaýan,
Bar, ejiz gelýän halaty.

Ýigrenýäniň söýdürmäge,
Gurby çatanok.
Söýýäniň ýigrendirmäge,
Dişi ötenok.

Dananyň hak aýdyşy dek,
Zehinliniň zehinini
oýup bilenok.
Ýa zehinsize zehini
guýup bilenok.

Müň köpelse, gurplansa-da,
Özün asmandan assa-da,
Gaýtadan jahyl edere,
Bu garry seri,
Duranja ýeri.

Gezek çyna ýetenne,
Pulam bir töňňe.

2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle