|

Pulsuz günüm. Duşuşykda

Pulsuz günüm. Duşuşykda PULSUZ GÜNÜM. DUŞUŞYKDA

Gel, şu gije teatra gitmäli,
Görmedigmiz kino bolsun şu gije.
Biz bu gije näme edeli diýsene,
Ýyldyzlara syn edeli bileje.

Seýl edeli ýyldyzlaryň mülküne,
Bileje sanaly Ýedigeni biz.
Diýýärler her kimiň ýyldyzy barmyş,
Belki-de taparys öz ýyldyzymyz.

Asmana kakylan bu tylla çüýler
Şaýadydy başky duşuşygmyzyň.
Ýadyňdamy, saňa söz aýdan gijäm
Astynda nurana Aý yşygynyň?!

Şonda ýüregime sygmadyk yşkym
Bir goşga salypdym kalpdan körügen.
Dünýäm, maňa seni bereni üçin,
Şol goşgymy gowy görýän özümem.

Ýene okap bereýin şol goşgyny,
Söýgä siňen didelerňe seredip.
Ýöne öz ýanyňdan diýmeseň bolýar:
“Bü-ýä halys, ýadatdy-la ýöredip.”

Ýyldyzlaň astynda, Aý yşygynda
Gezim etmek taýsyz lezzetdir, dünýäm.
Ýene bir syr açaýynmy?
Söýginiň
Bezegi pyýada gezmekdir, dünýäm.

Isleseň, asyl-ha ulaga münmän,
Pyýadaja ugradaýyn öýňüze.
Belki, uzar şonda bu süýji pursat,
Gözlem gözleriňde köpräk güýmener.

…Gözelim gözlerni gözlerme dikýär,
Gözlerni dikýär-de, dymýar ýylgyryp…
Söýüşmek her näçe ajap bolsa-da,
Şonçarak kyn eken talyp ýyllaryň.

26. 03. 2011 ýyl Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle