Pul
Pul
Pul diýeniň eliň kiri ýalydyr:
Bir gün el ýuwarsyň — gider diýdiler.
Pul diýeniň dünýäň mekru-alydyr
Azaşdyryp, pida eder diýdiler.
Pul gezegen gelin ýaly diýdiler:
Haýyp bolar hallan atyp gözläniň.
Bu gün seni beýhuş edip söýdürer,
Ertir gujagyndan çykar özgäniň.
Pul duşmandyr! — akyl berer akyldar
Muzduna uzatsaň ýekeje teňňe.
Dünýäde pul hakda akyl satylýar,
A alaýyn diýsem pul ýok-da mende.
Gün bir tylla, barýar gögüň ýüzünden,
Aý – kümüş pul, barýar gögüň ýüzünden.
Dünýäniň baýlygy dünýäde galar,
Baýam bolmaz munda göwün ýüwürden.
Kime gujak gerip baýlygyň berdiň,
Kimden ýüz öwürip — paýhasyň, dünýä?!
Göz ýetirdim: tylla ekeni gerbiň,
Pul ekeni seniň baýdagyň, dünýä!
* * *
Türkmen köpegi deý asyllydyk biz,
Türkmen bedewi deý päkizedik biz.
Asuda ýyllarda ýitirdik,
müň ýyl
Uruşlarda goran türkmençiligmiz!
Aç oturdyk,
iliň aşyn iýmändik,
Lal oturdyk,
galat sözi diýmändik.
Kişi maşgalasy — göýä öwülýä!
Azlyk dymýar,
hil iş eden deý känlik
Eden zyna işi bilen öwünýä.
Günden nuranadyk,
Aýdan arydyk,
Bolmanynda nä ýokary bilimmiz.
Haýa edip,
şerim edip,
ar edip
Kemala getirdik türkmençiligmiz!
Nä-hä messebiň bar,
ne-de mezhebiň,
Ne-de sylaýarys ýakyny-ýady.
Türkmene has häsiýetimiz ýitirýäs
Ylla inkubator jüýjesi ýaly…
Nobatguly REJEBOW Goşgular