| |

Professional kesel / satiriki hekaýa

Professional kesel / satiriki hekaýa PROFESSIONAL KESEL

— Siz balykçylyk hojalygyna ýolbaşçylyk edýän ekeniñiz. Men redaksiýadan. Özüñizi okyjylara tanadaýsañyz.
— Men «Görelde» balykçylyk hojalygynyñ başlygy.
— Siziñ döwlet öñündäki plandyr borçnamalaryñyzy amal edişiñiz juda pes-le?
— He, şeýleräg-ä boldy. Segsen dördünji hojalyk ýylyny biz bary-ýogy 24 prosent bilen tamamladyk.
— Obýektiw ee subýektow sebäpleri bilen gyzyklanmaga rugsat ediñ.
— Obýektiw sebäbi, geçen ýyl juda ygally ýyl boldy. Ýagyş diýseñ köp ýagdy.
— Bagyşlañ, ygalyñ, ýagşyñ balyga näme zyýany bar? Gaýtam gowy bolmazmy?
— Üstünden ýagyş guýlup dursa, halys ytygsap, saralyp soluberýär. Ösüşden galýar. Janawarlara yssy ýetmeýär. Gerşi ýylamaýar.
— Geñ hadysa, täsin waka! 24 prosentde galmagyñyza başga nämeler sebäp boldy?
— Balyklara mineral we ýerli dökünleri öz wagtynda agrotehnikanyñ görkezmesi boýunça bermelidik. Emma berip bilmedik. Mineral diýdigim azot, superfosfat, ýerli dökün hem-de ders-dä. Özüñ-ä daýhan ogluna meñzeýäñ?!
— Be, bu nähili beýle bolýar?
— Onsoñam balyklara wagtly-wagtunda suw tutup bilmedim. Näçe hepdeläp suwsuz solup oturdy.
— Suwsuz balyk gyrlaýmazmy?!
— Guran kartalar hem boldy!
— Men-ä köp zada düşünýän däldirin.
— Biz hatarlaryñ aralaryny bejermekde-de, sowuk-salalyga ýol berdik.
— Hatar aralary?…
— Haşal ota basdyrdyk.
— Ak amur bilen kütimañlaý ot köp bolsa semreýär ahyry?!
— Defolýasiýa irräk geçirildi. Balyklar gögräk galdy.
— Defolýasiýa, defolýasiýa?! Siz gowaçanyñ ýapragyny düşürmek barada gürrüñ edýän ýalydyñy-la?!
— Ýok meniñ balygyñ teññesini düşürmek barada aýdýan. Balyga sowka karadrin hüjüm etdi. Samolýot bilen derman pürküldi. ODN. Başlyk aga, şundan öñ siz nirede işläpdiñiz?!
— Mundan öñ beg ýaly günüm bardy. Pagtaçylyk kolhozynda on-on bäş ýyl başlyk bolupdym.

Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle