|

Poeziýa nähili döredi?

Poeziýa nähili döredi? POEZIÝA NÄHILI DÖREDI?

Poeziýa nähili döredi?

4-nji synpda oka­ýan ma­ha­lym ede­bi­ýat mu­gal­ly­myn­dan:
— Mag­tym­gu­lu­dan öňem goş­gy ýa­zan bar­my? – di­ýip so­rap­dym.
Ol Mag­tym­gu­ly­nyň ka­ka­sy­nyň Döw­let­mäm­met Aza­dy­dy­gy­ny, onuň güýç­li şa­hyr bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Men ikin­ji so­ra­gy­my be­rip­dim:
— Aza­dy­dan öň ýa­şap ge­çen şa­hyr ýok­my?
— Bol­maz­my? Kän, ga­ty kän. Oka­ber­seň, öw­re­ni­ber­seň, bi­ler­siň – di­ýip, mu­gal­lym jo­gap be­rip­di.
Men: «Bi­rin­ji goş­gy­ny kim ýa­zyp­dyr, ol ha­çan ýa­şap ge­çip­dir?» di­ýip so­ra­ma­ga çe­ki­nip­dim. So­ran ha­la­tym­da-da mu­gal­lym bel­li-kül­li jo­gap be­rip bil­me­jek eke­n. Mu­ňa hä­li-hä­zi­rem, mun­dan bu­ýa­na-da ta­kyk jo­gap ta­pyp bil­jek ýok. «Il­kin­ji goş­gy­nyň aw­to­ry py­lan eý­ýam­da ýa­şap öten py­lan şa­hyr­dyr» di­ýen kes­git­li jo­ga­byň bol­ma­ja­gy­na özü­mem has soň göz ýe­ti­rip­dim.
Oý­la­nyp otur­saň, il­kin­ji goş­gy­ny dö­re­de­niň kim­di­gi­ni, onuň haý­sy döw­rüň ada­my­dy­gy­ny bil­me­giň uly bir äh­mi­ýe­ti-de ýok eke­n. Oňa de­rek il­kin­ji goş­gy­nyň nä­hi­li şert­ler­de, ni­çik­si hal­da ýü­ze çy­kan­dy­gy gy­zyk­ly däl­mi? Bu so­wal poe­zi­ýa­nyň te­bi­ga­ty­na hem dö­re­ýiş ze­rur­ly­gy­na dü­şün­mek is­län ada­my bi­parh goý­maz­my­ka diý­ýän.
Ar­heo­log­lar ga­dy­my adam­lar ba­ra­da­ky gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry ele sal­dy­lar. Ta­ryh­çy­lar şol mag­lu­mat­lar­dan ugur alyp, bi­ziň ir­ki ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy bi­len bag­ly köp­san­ly hakykata ün­si çek­di­ler, de­ger­li pi­kir­le­ri, çak­la­ma­la­ry öňe sür­dü­ler. Ede­bi­ýa­ty öw­re­ni­ji­ler ta­ryh­çy­la­ryň iş­le­ri­ni tu­ta­ryk edi­nip, poe­zi­ýa­nyň göz­ba­şy­ny daş eý­ýa­myn­dan, hat­da on­dan-da öň ýa­şan il­ki­dur­muş adam­la­ry­nyň dur­mu­şyn­dan göz­le­di­ler. Kä­bir çap­raz ga­ra­ýyş­la­ryň bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bu me­se­le­de ede­bi­ýat­çy­lar umu­my yla­la­şy­ga gel­di­ler. Ola­ryň pi­ki­ri­çe, poe­zi­ýa­nyň baş­lan­gyç ala­mat­la­ry en­tek kämil sö­zleýşiň ýok wag­ty peý­da bo­lup­dyr! Adam­zat gep­le­mek ussatlygyna eýe bol­maz­dan öň poe­zi­ýa­nyň bin­ýa­dy­ny tu­tup­dyr!
Ine, pa­ra­doks! Heý, sünnä gep­läp bil­me­ýän ada­mam bir poe­zi­ýa dö­re­der­mi? Goý, ol onuň baş­lan­gyç ala­mat­la­ry bol­sa, bo­lu­ber­sin, eý­se, poe­zi­ýa ja­dy­ly söz­le­riň güý­jün­den yba­rat däl­mi nä­me? On­da ede­bi­ýat­çy­la­ra beý­le tö­wek­gel­li­ge gir­mä­ge nä­hi­li ýag­daý iter­gi ber­di­kä? Mu­ňa dü­şün­mä­ge sy­na­ny­şa­lyň.
Go­wak­da to­par tu­tup ýa­şan adam­lar awa gi­den­le­rin­de ýa aw­dan go­wa­ga do­la­nyp ge­len­le­rin­de bel­li-bel­li mak­sat­la­ra eýe­rip, hal­ka gu­rap, dür­li rit­mi­ki he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir­ler. Hä­zir­ki ­za­man tans­la­ry­nyň göz­ba­şy ha­sap edil­ýän bu he­re­ket­le­riň gap­da­ly bi­len bir owa­za dü­züp, dür­li ses­de bo­ga­za bat be­rip­dir­ler, haý­ky­ryp­dyr­lar, gy­gy­ryp­dyr­lar. Bu ses­ler he­niz söz­le­mek ha­dy­sa­sy for­mir­len­män­kä ada­myň dil ar­ka­ly ula­nan se­riş­de­si. Ola­ra üm­lük­ler di­ýil­ýär. Üm­lük sö­züň dö­re­me­gi­niň il­kin­ji ha­dy­sa­sy. Duý­dan­syz agy­ra çy­da­man, di­le ge­tir­ýän «wäk» di­ýen üm­lü­gi­miz­den wä­gir­mek sö­zü­niň peý­da bo­lan­dy­gy­ny ýat­la­lyň. Üm­lük nä­me? Üm­lük — iç­ki ha­ra­sa­dyň, duý­gy­nyň ses bi­len aň­la­dyl­ma­sy. Şol se­bäp­li üm­lük­le­riň her­si­niň öz ähe­ňi, öz­baş­dak yşa­ra­ty bar.
Ne­ti­je­de il­ki­dur­muş adam­la­ry­nyň da­ba­ra­syn­da poe­zi­ýa­nyň öze­ni­ni düz­ýän üç sa­ny ele­men­tiň — rit­miň, owa­zyň we ähe­ňiň bo­lan­dy­gy anyk­lan­dy. Bu üç­lü­giň saz­la­şyk­ly bir­leş­me­si adam­za­dyň ta­ry­hyn­da poe­zi­ýa­nyň il­kin­ji ala­mat­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­sy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar.
Ta­ryh­dan bil­şi­miz ýa­ly, ýo­kar­da ag­za­lan to­ma­şa köp­çü­li­giň ta­pan za­dy. Eý­se, ol to­ma­şa­ny ýa-da oňa meň­zeş da­ba­ra­ny aý­ra­tyn­lyk­da ada­myň birözi dö­re­dip, birözi ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­mez­mi­di? Alym­lar bil­mez di­ýip jo­gap ber­ýär­ler. Onuň üçin öz­baş­dak­lyk, üz­ňe­lik ge­rek, ada­myň psi­ho­lo­gi­ýa­sy, dü­şün­je­si, pi­kir ýö­re­di­şi, iň esa­sy-da mak­sa­dy tö­we­re­gin­dä­ki ko­wum­daş­la­ry­nyň­ky­dan aý­ry bol­ma­ly. Bu en­dik­ler il­ki­dur­muş adam­sy­na en­tek ýat­dy. Ol en­dik­le­ri edin­mek üçin ze­rur­lyk­lar ýü­ze çyk­ma­ly­dy, adam uzak-uzak ýyl­la­ry geç­me­li­di. Şeý­le­lik­de, ylym il­kin­ji tan­sy we poe­zi­ýa­ny köp­çü­lik dö­re­dip­dir di­ýen ne­ti­jä gel­ýär.
El­bet­de, men aý­ra­tyn al­nan bir ada­myň in­di­wi­dual ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi üçin uly ewol­ýu­si­ýa ýo­lu­ny geç­me­giň ze­rur­ly­gy­na dü­şün­ýä­rin. Ada­my go­wak­dan çy­ka­ran ewol­ýu­si­ýa ahy­ryn! Şol birwagt­da-da go­wak­da to­par bo­lup ýa­şan adam­la­ryň ara­syn­da in­di­wi­dual poe­zi­ýa çe­me­leş­me­si bol­ma­dy­my­ka di­ýip oýa bat­ýa­ryn. Bo­lan­dyr di­ýe­sim gel­ýär. Men mu­ny ýaş ça­ga­ly enä­ni göz öňün­de tu­tup aýd­ýa­ryn. Ça­ga­sy bir zat­dan te­bil ta­pyp, uku­dan oýa­nan­da, çyr­lap ag­la­nyn­da ony kö­şeş­dir­mek üçin ene nä­me et­di­kä? Ses-üýn­süz se­re­dip-se­re­dip, gu­ja­gy­na alyp, bag­ry­na ba­san­dyr, ba­şy­ny sy­pap, hö­re-kö­şe eden­dir. Gol­la­ry­ny sal­lan­çak edip, mä­hir­li owaz bi­len öz di­lin­de hüw­dü­län­dir. «O ma­hal adam häzirki ýaly ussat gep­läp bil­me­ýär­di, kämil sözleýiş ýok­dy» diý­jek­le­rem bar­dyr. Ha­wa, şeýle-de bolandyr, ýö­ne enä­niň dil­siz-agyz­syz dy­myp otur­ma­ja­gy-da bel­li. Ol tawusa çalymdaş owaz bilen ses­le­nen­dir, hiň­le­nen­dir. Bel­ki-de, guş­la­ryň, şe­ma­lyň ýa su­wuň se­si­ni özü­çe iş­läp, hüw­dä sa­lan­dyr. Ça­ga­sy­na hiç hi­li how­puň aban­ma­ýan­dy­gy­ny duý­dur­mak üçin, ony kö­şeş­dir­mek üçin te­bi­ga­tyň iň gu­la­ga ýa­kym­ly, iň my­la­ýym ses­le­rin­den saý­lap, hüw­dü­län­dir. Hüw­di sö­zü­niň ga­dy­my­ly­gy­ny ýat­dan çy­kar­ma­lyň. Onuň huw­wa, huw söz­le­rin­den eme­le ge­len­di­gi je­del­siz hakykat. Huw­wa-huw sö­zi nä­me ma­ny ber­ýär? Ol go­wak­da ýa­şan enä­niň te­bi­gat­dan ýa-da jan­ly-jan­dar­dan alan se­si­niň hüw­dü­ler­dä­ki poe­ti­ki aň­lat­ma­sy bol­ma­syn? Eger şeý­le bol­sa, bu ýag­da­ýy poe­zi­ýa­nyň baş­lan­gyç ala­ma­ty hök­mün­de hä­si­ýet­len­dir­mä­ge çe­kin­me­li däl.
Me­niň baş­lan­gyç poe­zi­ýa­nyň ýe­ke­ba­ra dö­rän­di­gi­ne yna­mym uly, özi-de ol ene ýü­re­gin­den dö­müp çy­kan­dyr di­ýe­sim gel­ýär.

Kakamyrat ATAÝEW. Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle