|

Pişşim-pişşim pişledi… / edebi ýaňsylama

Pişşim-pişşim pişledi… / edebi ýaňsylama PIŞŞIM-PIŞŞIM PIŞLEDI…

Pişşim-pişşim pişledi... / edebi ýaňsylama

Pişşim-pişşim pişledi
Pişşim peşin taşlady.
Ozal birden gapýardy
Indi jübtläp başlady.
(Halk döredijiliginden).

Mämmet Seýidow:

Zamanynda şol gadymy babalaň
Ýaşanmyş dünýäde bir deýýus pişik.
Ol öz açgözlügni sellä öwrüip,
Bolanmyş diýýärler bir molla kişi.

Kybla bakyp duranmyşyn namaza
Pişik indi syçanlaryň ymamy.
Okyjy dost, örän zaryn gutarýa
Ynansaňyz, bu dessanyň tamamy.

Bozup tebigatyň gyra deňligin
Syçanlaryň baryn birden tutanmyş.
Ýekeje syçandan özge syçanyň
Şol etrapda ajallary ýetenmiş.

Ah, şol syçan, ýeke galan şol syçan
«Pişşim-pişşim pişledi» diýp aglanmyş.
Pişik bolsa mekir gözün güldürip,
Syçan ýagna murtlaryny ýaglanmyş.

Annaberdi Agabaýew:

Hormatly bokurdak aç otyr bu gün,
Dyrnakda kuwwat ýok
Hem-de boş gazan.
Wah, ýaglyja, witaminli syçanlar
Gelerňe garaşýar.
Jenap aşgazan.

Sprinteriňki dek dört sany aýak,
Çingiz hanyňky dek gysgarak kelle.
Gözleň göýä Galileýiň dürbüsi,
Iň yzyňda guýruk kakýar heşelle.

Wah, ýaglyja kaloriýaly etiň
Kooptorgda kilosy bäş manatdan.
Syçan eti süýjülikden dänmese,
Iki dünýä hiç dönmerin men etden.

Kybla bakyp durdy pişik namaza
«Ýa Alla, ýa Alla, Allahy ekber»…
Başyn goýup, pyşyrdady içinden
«Ýaglyja syçan ber!
Syçany köp ber!».

Kaýum Taňrygulyýew:

— Pişik diý —
Pişik.
— Syçanlar pişik.

— Syçan diý
— Syçan.
— Pişikden gaçan
Pişikden gaçyp,
Deşikden geçen.

Pişik hem syçan
Dost boldy haçan.
Dost boldy bilseň
Şol gadym zaman.

Syçanlar nadan,
Pişik bir ymam.
Syçanlar gutardy
Erteki tamam.

Şahyrlaryň adyndan goşgyny taslan Rejep MYRADOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle