Piskarýew gonamçylygynda
Piskarýew gonamçylygynda
(Bu gonamçylykda gahryman Leningrady goramaga gatnaşanlaryñ 500 müñüsi hormat ukusynda ýatyr).
Gün dogsa tegelek çörege meñzäp,
Nuruna garalyp döküler güller.
Bäş ýüz müñ dis-diri ýürege meñzäp
Ýatanlara gelip baş eger iller.
Ýarym million arman,
Ýarym million ruh
Hormatyna siñip topragyñ, halkyñ
Ýatyr hereketden bolsa-da mahrum,
Diri ýüreklerde direler baky.
Bu ýerde mertligiñ, mukaddesligiñ,
Alamaty ýa-da nusgasy däl-de,
Özi ýalyn bolup çykýar giñlige,
Oña başyn egýär gelen mähelle.
Watanyñ söýgüsin jemläp bir ene
Sadyk perzentlerne mährem garap dur.
Hesretli günleriñ ýowuz şemaly,
Henizlerem onuñ saçyn darap dur.
Watany janyndan eziz görenler —
Mukaddes Ýerdäki bäş ýüz müñ ýürek
Gelene ýatladýar:
— Dünýä bu günler
Rahatlyk gerek!
Rahatlyk gerek!
Abdyreşit TAŞOW. Goşgular