|

Pion güli

Pion güli

PION GÜLI

Güller tebigatyñ adamlara beren gözellik peşgeşidir. Aslynda, edebiýatda ''gül'' sözüniñ gözelligiñ, näzikligiñ, nepisligiñ nyşany bolup hyzmat edýänligini-de belläp geçmek gerek. Bu gezek pion güli barada söhbet açmakçy.

Pion gadymy we örän ajaýyp gülleriñ biridir. Gadym döwürlerde bu gül bilen köşk eýwanlaryny bezäpdirler. Özüniñ owadanlygy we ajaýyplygy bilen pion güli bägül bilen bäsleşipdir. Bu güli antiki Ýewropada we gadymy Hytaýda gowy görüpdirler.
Gündogarda pion çyn we päkize söýgini añladypdyr. Gadymy Gresiýada pion güli uzak ýaşamagyñ nyşany hasaplanylypdyr. Bu gül barada dürli rowaýatlary hem düzüpdirler. Ine, şolaryñ biri…
Gadymy döwürlerde bir bagban pionyñ haýran galdyrýan owadan görnüşini ýüze çykarypdyr. Ýöne ýerli şazada görübilmezçilikden ýaña şol güli ýok etmegiñ kül-külüne düşýär. Ol baga gelip, ähli gülleri basgylap başlaýar. Bagban görgüli şazadanyñ bu etmişini görüp, gözüne ýaş aýlaýar. Bagban çydaman bahyl şazadany ýençýär. Birdenem bagbanyñ bagtyna bir ýerlerden pionlaryñ peridi gelip, jadyly taýajygyny bulap goýbeipdir welin, arzuwlaryñ bagy täzeden dikelip gülläpdir. Bahyl şazada bu ýagdaýy görüp, bagbana ölüm jezasyny berjekdigini, arzuwlaryñ bagyny bolsa ýok etjekdigini ant içýär. Ýöne şonda bir gudrat bilen pionlaryñ ählisi owadan gyzlara öwrülýärler, olar ellerini galdyranlarynda bolsa güýçli şemal turup, ýañky şazada ýel bilen uçup gidýär. Bu ýagdaýa haýran galan jemagat begenip bagbany halas edýär. Şol pion bagy bolsa özüniñ owadanlygy bilen soñ-soñlar hem adamlary begendirmegini dowam edipdir. Häzirki döwürde hem ajaýyp pion gelin-gyzlarymyzyñ halaýan gülleriniñ biridir.
Al-elwan açylan güllere deñelýän gözel gelin-gyzlarymyzyñ maşgala ojaklaryna bagtyñ ýar bolmagyny, bu owadan dünýäde söýüp we söýlüp ýaşamaklaryny arzuw edýäris. Çünki söýgi diýen mukaddes duýgy ýürekden we hakyky bolanda, ynsan ömrüne ömür goşýandyr.

Güller ORAZOWA.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle