Pilmahmydyň ölümi
Pilmahmydyň ölümi

Bir “şahyry” bilýän,
(Bilmeseň gowy!)
Göreňde ýadyňa salýardy döwi.
At aldy, zat aldy, ýene bat aldy,
“Ussat” diýip, hökümetden hat aldy.
Moşennik, aferist, podhalim özi,
Oňa ejiz gelýär türmeniň sözi!
Milýon, milýon tiraž dünýä ýaýrapdy,
Goşgulary rus dilinde saýrapdy.
Belorus, ermeni, özbek, täjigi…
Aý, garaz, edebiýatyň boldy möjegi.
Hem tokaýda lak-luk atdy mäjigi.
Türkmençesi gara şaýa degmänsoň,
Peýda boldy neşirýatda rusçasy.
Çünki döwülipdi türkmen ruçkasy.
Ýazýardy hakyna tutma gullary,
Munuň üçin gysganmady pullary.
Wagty geldi. Öldi Pilmahmyt birden,
Metbugat, neşirýat ynjaldy birdem…
Ýadymda galany elli kitapdan,
“Dünýä halklaryna belli” kitapdan,
Ýekeje setir,
Olam ine, şeýle:
“Aşyr – iýjekmi käşir?”
Bar bolany şol,
Go-ol, go-o-l. Go-o-o-l…
Diýmek, odin-nol!
09.03.2024. Goşgular