|

Pilli goşun

Pilli goşun

PILLI GOŞUN
    
Hä­zir­ki za­man baş ýö­rel­ge­si­niň nuk­daý­ na­za­ry­na esas­la­nyl­sa, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ugrunda ýer­leş­ýän Hin­dis­tan döw­le­ti­niň esa­sy go­şu­ny pil­li go­şun bo­lup­dyr. Hin­di har­by­la­ry pil­li go­şun­la­ry­ny sö­weş­ler­de us­sat­lyk bi­len ula­nyp, sö­weş meý­danla­ryn­da uly ýe­ňiş­leri ga­zanyp bi­len­dik­le­ri ba­ra­da but­pa­raz­lyk döw­rü­niň mu­kad­des ýaz­gy­la­ryn­da bel­le­nip ge­çil­ýän­di­gi­ne duş gel­mek bol­ýar. Ola­ryň har­by go­şun­la­ryn­da­ky es­ger­ler pil­le­re go­wy ideg edip, baş öw­re­dip­dir­ler.
Söweş­le­re gat­naş­ýan pil­ler hä­zir­ki za­man bron­la­nan ma­şyn­la­ryň ýe­ri­ne ýetirýän wezipesini ýerine ýetirip, duş­ma­nyň go­şun­la­ry­nyň hataryny, germewlerini, derwezelerini we beýleki go­rag bö­lek­le­ri­ni der­bi­-da­gyn edip­dir­ler. Käma­hal­lar har­by go­şun der­ýa­dan ge­çen­de pil­le­ri di­ri köp­ri hök­mün­de hem ula­nyp­dyr­lar. Sö­we­şe gat­naş­ýan pil­le­riň ar­ka­la­ry­na mi­narajyklary oturdyp, onda ýaýlar we naýzalar bi­len ýa­rag­la­nan aty­jy­la­ry ýer­leş­di­rip­dir­ler. Sö­weş meý­da­nyn­da at­ly go­şun peý­da bol­ýan­ça, har­by pil­li go­şun, duş­ma­nyň py­ýa­da go­şu­ny üçin uly howp dö­re­dip bi­lip­dir.
Ýurtda şä­her­le­riň go­ra­gy go­wy gur­na­lyp­dyr. Di­war­la­ryň üs­tün­de diň­ler ýer­leş­di­ri­lip­, daş ýü­zün­de çuň we giň ga­rym­lar ga­zy­lyp­dyr. Diň­ler­de dur­ýan es­ger­ler şä­he­re ýa­kyn­laş­ýan kerwenler, adamlar barada habar beripdirler.

■ GADYMY PARS GOŞUNLARY

Ga­dy­my pars­la­ryň har­by go­şu­nyn­da­ky es­gerler gysgajyk gylyçlardan we naýzalardan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Sö­weşde es­ger­le­ri duş­ma­nyň ok­la­ryn­dan go­ra­mak üçin ýö­ri­te gal­kan­ly es­ger­ler bo­lup­dyr. Sö­weş wag­tyn­da olar ýaý­dan ok atýanlar bilen bile hereket edipdirler. Pars go­şun­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi­ni ýaý­lar, gysga naýzalar, gylyçlar, gamalar bilen üpjün edi­len har­by­lar dü­züp­dir­ler. Pars­laryň esa­sy ýa­ragy ýaý bolupdyr.
Pars go­şun­la­ryn­da at­ly go­şun zarp­ly hasaplanypdyr we sö­we­şiň ne­ti­je­si­niň üstünlikli bolmagyna öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­lip­dir. At­ly go­şun iki to­pa­ra bö­lü­nip­dir: agyr we ýe­ňil. Pars­lar at­ly go­şun­la­ry­ny sö­weş­de ýa­ra­lan­mak­dan go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, ýe­ňil ga­ýyş­dan taý­ýar­la­nan har­by enjamlary ulanypdyrlar. Pars­lar­da esa­sy at­ly go­şun­dan baş­ga dü­ýe­li go­şun­la­ry hem bo­lup­dyr. Bu hi­li go­şun pars­la­ra sö­weş­de me­kir­lik­le­ri ulan­mak­ly­ga ýol açyp­dyr. Duş­man­la­ryň hiç ­ha­çan dü­ýe gör­me­dik at­ly go­şun­la­ry­nyň at­la­ry­ny ür­küz­mek, ha­tar­la­ry­ny bozup gaçmaklaryny gazanmak maksady bilen dü­ýe­li go­şu­ny öňki ha­tar­da ýer­leş­di­ripdirler. Düýeli goşu­nyň pars­lar üçin amat­ly ta­ra­py­nyň bi­ri hem ola­ryň uzak ýola çydamlylygy bolupdyr.

 Güljan BEGÇÄÝEWA.

Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle