Pil woýewodlykda
Pil woýewodlykda
Abraýly hem-de güýçli,
Hem akylly bolan kişiň
Eger-de ýüregi bolaýsa ýuka,
Garaşyber erbet waka.
* * *
Woýewodlykda tokaýa goýberildi Pil.
Akylly bolsa-da pilleriň nesli,
Bütin neberesi bolsa-da sagat:
Ýogynlykda Woýewod* bardy ep-esli,
Özem dogabitdi sadady diýseň,
Degmändi ol siňegiňem göwüne.
Şol pähimli Woýewodyň öňüne
Goýunlar gelenmiş sallap boýnuny.
Olar diýen: «Bu ýyrtyjy möjekler,
Biziň halys derimizi soýup ýör».
Pil gygyran: «Ganojaklar,
Kim size ýol berdi talaňçylyga?»
Möjekler diýenmiş: «Günämizi geç!
Eý, biziň atamyz, sen dälmi ýeri,
Gyşda geýer ýaly ýeňiljek possun,
Goýunlardan ýygnaň deri,
Diýip bize tabşyran?
Bu goýunlar bolsa aňry baş samsyk;
Arz etmäge näme barmyşyn munda.
Hersindenem ýeke deri aljagmyz
Şonam gysganýalar, bular şermende».
«Şeý diýiň-le» diýip seslenenmiş Pil:
«Ýalan sözleseler bilemok çydap;
Birje deri alyň her bir goýundan,
Ýöne şondan artyk ýeke tüýüne
Siz degiji bolmaň çyndan-oýundan».
Iwan KRYLOW.
____________________________________
Woýewod* — goşunbaşy, şeýle hem gadymy Russiýada şäheriň ýa-da welaýatyň ýolbaşçysy.
Terjime eden Şadurdy ÇARYGULYÝEW. Goşgular