Pil hakynda jedel
Pil hakynda jedel
Hind ýurdundan Pil getirip golaýda,
Saklapdyrlar bir garañky saraýda.
Henize çen görülmedik haýwany
Göresi gelýänleñ artypdyr sany.
Piliñ sakçysyna muzduny töläp,
Görüp çykmak üçin rugsat diläp,
Sermanişip ýörüşlerne tümlükde,
Täsin jedel tutaşypdyr Pil hakda.
Holtymyndan tutan gataldyp sesin,
Diýen: «Pil-ä turba meñzeýär asyl».
Garañkyda Piliñ gulagny ellän:
«Ol-ýelpewaç-diýen-Gürleme bilmän».
Aýaklarny elläp üçünji kişi:
Diýen: «Pürse meñzeş. Agyrtmañ başy».
Piliñ arkasyny sypalap gören
Diýen: «Aýdanñyzyñ barysy ýalan,
Beterden beterin tapýañyz gaýta,
Meñzeş ahyryn ol ýap-ýasy tagta».
Bu jedelde: «Ol ýeñdi, bu ýeñildi».
Diýmek kyn. Onuñam sebäbi belli.
Eger-de birinde bolan bolsa şem,
Beýle samsyk dawa bolmazdy, belkem. Goşgular