|

Pil bilen Moska

Pil bilen Moska PIL BILEN MOSKA

Görkezmäge çykardylar bir Pili,
Geň haýwan ol — örän güýçli hem uly.
Hemme haýran — aňkaryşyp durýarlar.
Nirä gitse, yzy bilen barýarlar.
Moska diýen bir güjük bir ýerden
Ýesersiräp, Pile topuldy birden.
«Jöw-jöw» edýär, çyňkyrýar ol, üýrýär ol.
Hüžžerilip, Pile hemle urýar ol,
Şawka diýen güjük oňa: «Dost, gara!
Bes et, ýersiz urşup, bolma masgara.
Kim bolupsyň Pil bilen jeň gurmaga.
Ol äwmeýär, dowam edýär ýörmäge,
Seniň hor-horuňa ol pikir bermän,
Gidip barýar, seni hiç zatça görmän».
Moska jogap berdi oňa:
«Wah, geregem şol-da maňa.
Onuň bilen güýç synaşyp görüşmän,
Uruşgan adyn alaryn men uruşman.
Itler meni, goý öwsünler.
Mahabatlap şeý diýsinler:
«Äl Moskanyň metdigini,
Örän batyr bir itdigni.
Üýrüp Pile erişýär ol,
Piller bilen uruşýar ol.»

Terjime eden Durdy HALDURDY.

• СЛОН И МОСЬКА

По улицам Слона водили,
Как видно, напоказ.
Известно, что Слоны в диковинку у нас,
Так за Слоном толпы зевак ходили.
Отколе ни возьмись, навстречу Моська им.
Увидевши Слона, ну на него метаться,
И лаять, и визжать, и рваться;
Ну так и лезет в драку с ним.
"Соседка, перестань срамиться, —
Ей Шавка говорит, — тебе ли со Слоном возиться?
Смотри, уж ты хрипишь, а он себе идет
Вперед
И лаю твоего совсем не примечает. —
"Эх, эх! — ей Моська отвечает, —
Вот то-то мне и духу придает,
Что я, совсем без драки,
Могу попасть в большие забияки.
Пускай же говорят собаки:
"Ай, Моська! знать, она сильна,
Что лает на Слона!"

Иван КРЫЛОВ. Çagalar edebiýaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle