| |

Pikirler: Döredijilik hakda, özüm — Osman Öde hakda

Pikirler: Döredijilik hakda, özüm — Osman Öde hakda PIKIRLER

Döredijilik hakda, özüm — Osman Öde hakda

Eger kämilleşmegiň ýoluny görkez, täzeden edebiýata gelseň diýseler:
— Men edebiýata terjimeden gelmeli diýip pikir edýärin.

* * *

Eser döredilende täze obraz tapanyň üçin ýazýarmyň ýa tapan täze sýužetiň, wakaň üçin.
— Waka, sýužet öň tapylýar. Gahrymanlar şol wakalar esasynda döreýär.

* * *

Men ýaşaýyş üçin kitaplara minnetdar.

* * *

Eý, Hudaý jan!
Meni öldürme!
Ogluň Osman Ödä adamlaryň içki dünýälerini çeper eserlerde açyp görkezmäge puryja ber! Men ölmekden gorkýaryn. Ölmän, şeýle bir gowy romanlar döredesim gelýär. Halka, türkmen halkyna kän-kän gowy eserleri galdyrasym gelýär.

* * *

Ömrüň manysy aslyňy, özüňi tanamakdan başlanýar. Pederleriňe mynasyp bolmak, geljekki nesle özüňden gowy at — gowy amal galdyrmak her birimiziň mukaddes parzymyz.

* * *

Men taryhçy alym däl, ýöne türkmen halkymyzyň taryhyny ilik-düwme öwrenmekden çäksiz uly lezzet alýaryn. Elbetde, her bir intelligente, her bir türkmene öz taryhyny bilmek ýazylmadyk durmuşy kanun, zerurlyk. Bu her kimiň ömrüniň manysyny, durmuşdaky ornuny kesgitleýän aýratynlyk.

* * *

Eý, meniň ogullarym! Türkmen taryhyny öwreniň. Mümkinçiligi bolup öz taryhyny öwrenmeýän adam gaty telek iş etdigidir. Buýsançly taryhymyz bar.
Buýsanç — ýaşaýşa güýç berer. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle