|

Pikir hoşalary

Pikir hoşalary PIKIR HOŞALARY

Durmuşda ýalňyşlyga uçramak aňsat, ýalňyşlykdan akylly- başly baş alyp çykmak welin kyn.

* * *

Özgeleriň nädogry tarapyny aňsat görýäris, ýöne köpimiz olaryň dogry tarapyny görmegi başarmaýarys.

* * *

Öz eden gowy işimizi derrew görýäris, emma nädogry hereketimizi wagty bilen görüp bilmeýäris.

* * *

Näme üçin biz özümizdäki gowy häsiýetleri özgelerde görmäge çalyşmaýarys? Belki başgalar biziň pikir edişimizdenem gowydyr.

* * *

Adamlara kemçiligini aýdýas emma öz kemçiligimizi aýtsalar göwnümize ýaramaýar.

* * *

Sähel zat üçin zeýrenip bilýäris, emma käwagt uly zatlara şükür etmegi unudýarys.

* * *

Şonuň üçin ähli adamyň gowy taralyny görjek bolalyň, gowy pikirler, gowy gürrüňler edeliň… Şonda durmuş hasam ajaýyp görner. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle