Pikir (Hindi tymsaly)
Öňde-de biri il içinde dertlilere em salgy berýänligi bilen meşhur bolan akyldaryň ýanyna barypdyr.
— Näme mesele bilen geldiň? — diýip, akyldar myhmana ýüzlenipdir.
— Gün-günden derdim artýar. Çykalga tapman siziň ýanyňyza geldim — diýip, myhman ýagdaýyny aýdypdyr.
Akyldar ondan derdi barada-da soraman, esli wagtlap mesawy gürrüň edip oturypdyr. Gürrüňiň arasynda myhman özüniň täjirdigini, soňky wagtlar işiniň ugruna däldigini, şony alada edibem, gije-gündiz gaýga batyp, pikire çümüp ýörendigini aýdypdyr. Myhmanyň derdiniň sebäbine göz ýetiren akyldar içi tüwüli bir kiçijek haltajygy oňa uzadypdyr.
— Me, şuny eliňi uzadyp göterip sakla.
Myhman aýdylany geň görse-de, akyldaryň diýşi ýaly edipdir. Öňe uzadyp duran elinde kiçijek haltajygy saklamak birbada oňa kyn düşmändir. Ýöne akyldar «Indi boldy» diýmänsoň, haltajygyň agramy artýana dönüp, gitdigiçe ysgyny gaçypdyr.
— Halys ysgynym gaçyp barýar — diýip, myhman naýynjar bakypdyr.
— Haltajygyň agramy artaýan-a däldir? — diýip, akyldar ondan sorapdyr. Myhman «ýok» diýen manyda başyny ýaýkapdyr.
— ony uzak gün göterip dursaň, agramy artarmy?
— Ýok, näme üçin artsyn?
— Onda näme üçin ony götermegi kyn görýäň? Başda-ha ony gaty ýeňil göteripdiň.
— Bilemok, ýöne indi mende güýç ýok — diýip, täjir elini aşak goýberipdir.
— Ine, görýäňmi? — diýip, akyldar ýylgyrypdyr.
— Durmuşda-da şeýle. Sen kynçylyk, meseleler barada bir salym pikir etseň, kän bildiren zat bolmaz. Ýöne uzakly gün ony kelläňden çykarman ýörseň welin, ol seni halys özüne çeker. Birnäçe günläp pikire batyp, gussa çekip ýörseň, dert tapynjagyň ikuçsyz. Pikir edip, gussa batyp ýöreniň bilen onuň «agramy» azalanok. Ondan dynmak üçin diňe hereket etmeli. Janly hereket et-de, başarsaň meseläni çöz, bolmasa-da oňaýly wagty gelýänçä bir gyra süýşür. Derdiňi artdyrjak agyr daşy ýüregiňde göterip ýörenden peýda ýokdugyny unutmagyn.
Akyldaryň aýdanlaryndan dogry netije çykaran täjir kän wagt geçmänkä tut ýaly sagalypdyr. Sagdynlygyň döredýän ruhubelentligi bolsa oňa söwda işlerinde üstünlik getirip ugrapdyr.