Perzent we bagt
Perzent we bagt

Perzent dünýä indi bir sähetli gün,
Ata-enäñ guwanjy sepleşdi gitdi.
Ene indi bagty gelen gelindi,
Ata indi bagty gelen ýigitdi.
Ozalky mähirler has goýalyşdy,
Är-aýal bir-birne içgin boluşdy.
Iýilýän naharlañ tagamy artdy,
Gözler söýgi bilen mähir alyşdy.
Arlyklar ýuwulup, serildi güne,
Şöhle sypalady olañ ýüzüni.
Gundag bagy öwrüldi-de kemende,
Halka bolup, dañdy bagtyñ özüni.
Bagt her näçe urunsa-da, bolmady,
Örke boýun boldy sypjyk gylygy.
Babek gapdalynda mekan eýledi,-
Saçaga elendi yrsgal elegi.
Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. Goşgular