|

Penjirämden daşda Bibliýa okaýan gysga ýubkaly gyz

Penjirämden daşda Bibliýa okaýan gysga ýubkaly gyz PENJIRÄMDEN DAŞDA BIBLIÝA OKAÝAN
GYSGA ÝUBKALY

Ýekşenbe, men greýpfrut
iýýärin,  sowuldy günbatarda
prawoslaw buthana..

Asly gündogarly,
Garaýagyz  gyz,
Bibliýadan sowulyp goýungözleri,
ýene dikilýär.  Naşyja ,gyzyl-gara
kitaby  okadygyça
aýaklaryn yraýar ol, yraýar,
Oýnaýar ýuwaşjadan sazlaşykly tansyny,
Okaýarka Bibliyany.

Uzyn tylla yrgalary;
Goşa bilezikleri her goşarynda,
Onuň  gysga ýubkasydyr öýdýärin:
Tenine syrlaşyp duran  hem ýüzleý
güne ýanan  derisi deý ýuka matany,
O ýana, bu ýana towlanjyraýar,
Bürünçreňk aýaklar çoýunýar güne.

Bu bolşundan gözüň üzüp bolmaýar,
Islemersiňem.

Radiomda ýaňlanýar
Oňa eşdilmeýän nusgawy mukam,
Ýöne, onuň telwas urşy
akýar simfoniýanyň  akymy bilen…

Ol — garaýagyz, ol — sarymaňyz,
Okaýar Hudaý  barada.
Men —  bolsa Hudaý.

Çarlz BUKOWSKIÝ.

Terjime eden: Serdar AÇYLOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle