Paýhas damjalary
Paýhas damjalary
• Arykdan suw akar, daýhana Huda bakar.
• Ir gelen sakada oturar, giç gelen — ýakada.
• Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz — rehnet.
• Suw atadyr, ýer — ene.
• Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl.
• Ýer görki — suw, suw görki — guw.
• Balygyñ diriligi suw bilen.
• Damja suwdan tal çykar.
• Döwletliniñ ýerinden ýap geçer.
• Ýagmyr bilen ýer gögär.
• Akan aryk akar eken, bakan döwlet bakar eken.
• Töwekgeliñ suwy daga ýörär.
• Tereñ suwlar bulanmaz.
• Alnyñdan akan suwuñ gadyry ýok.
• Ýeriñi bejermeseñ, aç galarsyñ, ýabyñy arçamasañ, puç galarsyñ.
• Ekiniñ hemdemi, ýeriñ melhemi.
• Suwsana suw bermeseñ, çölde Hydyr neýlesin?
• Suw akan ýerine, bagt bakan ýerine.
• Suw boýuny ýetirer, dökün hasyl getirer.
• Suw — zer, suwçy — zergär.
# edebiýatwesungat_2005 Sözler