|

Paworotti Sumbarda

Paworotti Sumbarda PAWOROTTI SUMBARDA

Paworotti Sumbarda

Italýan aýdymçysyna

Şeýle bagşylar bar owazy melhem,
Şahyrlary gül heň, durşuna ylham.
Diňläp ony öz bolşumy geňledim,
Birdem agyr halym, birden ýeňledim.
Misli Mylly aganyň “Humaralasy”,
Gitmedi gulagymdan.
Behişdi owaz,
Akdy şerbet bulagyndan.
Beýle-de bir owaz bolar oguşýan,
Ömür göwün küýsegiňe gowuşýaň.
Şonda men ekdim bir çynar nahalyn,
Adyna “Luçano” diýdi dahanym.
Tomusda ýel, gyşda nur bolup çoýdum.
Kök urup, çynarym ýaýdy şahasyn.
Mahal-mahal aýdym aýdýar Sumbarda,
Ýaňlandyryp kenaryn,
Pawarotti çynarym…

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle