|

Partizanyñ ýatlamasy

Partizanyñ ýatlamasy PARTIZANYÑ ÝATLAMASY

Ýaşyl tokaýlar,
Ýaşyl tokaýlar.
Siñip gitsem siziñ ýaşyllygyñyza!
Indi hemişeki ýigitligmiz ýok,
Indi şek-şübhe ýok ýaşulydygmyza.

Ýaşlyk ýyllarymyz şo tokaýlarda
Gömüpdik biz urşy, gömdük ebedi.
…Aýlandym şol ýere geçen baharda,
Awtomatly däl-de elim sebetli.

Tokaýyñ yslyja otlarny tapdym,
Kömelek çöpledim hem gül çöpledim.
Sypap goja berýozalañ tellerin,
Urşy ýatlap öz ýanymdan gepledim.

Görüpdim ok Deven ak berýozalañ
Edil ýaş gelin deý aglap durşuny.
Görendir tokaýlar alyp gidişin
Çynar ýigitleri gyzgyn gurşunyñ.

Söweşipdi munda biziñ otrýad
Mitýa, Iwan, Ergeş hem-de Alekber…
Ýene ençe ýigit. Onsoñ ýedi gyz —
Ýylmansalar — hüýr periler, melekler.
Ýöne sypanyşyp ýörmezdi gyzlar,
Oturmazdy dyrnaklaryn hynalap.
Gidip-gelerdiler aýazly gije
Olar duşman ýollaryny minalap.

Ýardyk köprülerni, ýardyk ýollaryn,
Ýardyk ştablaryn hem-de tyllaryn.
Biziñ otrýadyñ ýazan sahaby
Galypdyr gatynda uzak ýyllaryñ.

Söweşdeş ýoldaşlam — doganlarym meñ,
Bilýän şu tokaýda galypdyr baky.
Olañ biri ýolka bolup ösdümi,
Sosna öwrüldini ildeşim Baky?!

Berýozalañ biri Nataşamykan?!
Galypdyrlar munda juda ýaşlygna.
Ýaşyl tokaýlarym,
Ýaşyl tokaýlar.
…Siñip gitsem siziñ ýaşyllygyñyza!

Şadurdy ÇARYGULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle