Parhsyzlyk
Parhsyzlyk
PARHSYZLYK
Bu düşnüksiz dünýäň gözlerne garap,
Wada bersek, ertir etdik tersine,
Bu gün tilki ýaly halymyz harap,
Erte girdik aç börüleň dersine.
Beýni ýadaw pikirlerden lenç alyp,
Onuň raýyny tutmaz bedeniň,
Ýürekde, duýguda ýokdur ynjalyk,
Her basan ýeriňde ýatyr hederiň.
Hamala şeýle bir äpet alada,
Kyrk üçüň tanky deý ýowuz sürünýär.
Obadan hat gelse burýar ýaralaň.
Misli mellek galan ýaly sürülmän.
Namys özüňki däl, degseler degsin,
Ýalan söz aýyp däl, ýöne barysy.
Kalbymyz umytsyz, gijämiz şemsiz.
Onda däl-ä bu durmuşyň manysy.
Ýüregmizde gorky, gözlerde gorky,
Seresap bolmaly, geçirip baryn.
Şol seresaplyga gowşuryp erki,
Ýaranjaňlyk bilen aglaň, ýalbaryň…
Parhsyzlyk bar şol gorkulaň astynda,
Ol biziň jylawmyz, oýnap elinde.
Düşüniň siz namartlaň şu asrynda,
Otly gyljy ýaşyryp dur ýeňinde.
Awgust 1971.
* * *
Ýene-de elimde galam depderim,
Ýöne duýgym gaýnap, ýylanok göwün.
Sorkuldanok bagra çümen dertlerim,
Parhyma däl bu dirilik, şum ölüm.
Ine, wagty geler, ýürek larsyldap,
Gaýnar, ondan ter duýgular bugarar.
Şindi mawy köl deýin boş depdere,
Aýdymlar guw bolup özüni urar.
Ýalyn gaýnar şol aýdymlaň deminde,
Aglarsyň, gülersiň, günde müň kerem.
Duýgyň goýmaz şum ajalyň deňinde,
Dünýäde keýp edip ýaşasyň geler.
Häzir bolsa sorkuldanok dertleriň,
Duýgular gaýnanok, ýylanok göwün.
Boş, sonasy uçan köl deý depderiň,
Parhyňa däl, häzir, ömür hem ölüm.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular