Parh
Parh
Kän gürrüñ etdik ikimiz,
Men-ä gürrüñ etdim ýaşaýyş hakda,
Senem õz derdiñ,
Kän gürlediñ oñat ýaşamak hakda,
Õýüñe has kõpräk daşamak hakda
Damak hakda…
Zeýrendiñ: «Pylany oñat ýaşaýar,
Urýar, ýarýar, çapýar,
Ilde ýok zady tapýar.
Kem zady ýok-ähli zady aşa bar,
Baýlygy kän, ýere gõge syganok…»
Dur, daşyndan bakma ol pelakete,
Eger şeýtseñ oña düşünmek çetin,
Çuññur seret, seret onuñ õzenne,
Synla ýatan wagty, synla gezende,
Ynsaby yzyna düşüp ýõr onuñ
Õz ýüreginiñ sesi aýak sesi deý,
Ýorganda gozganan aýaly ajal,
Haçan gelse geläýmeli,
Haçan alsa alaýmaly..
Beýdip ýaşap bolarmy heý?!
Goý, ondan düşegim bolsun gatyrak,
Goý çõrek ýatmasyn õýde pytyrap.
Gytyrak zat pulmy?
Owarrañ teýne,
Şeýle!
Bolmasa bolmasyn düşek halydan,
Ýatamda ýataýyn juda arkaýyn.
Ine gana ýataýyn men serilip,
Gorkaýyn men diñe õzüñ ýalydan.
Belent tutup egnimdäki serimi,
Bakaýyn çagalañ gõzüne müýnsüz
Õz gerimme gõrä bolsun, goý, possum,
Õz dünýäme gõrä dõresin ünji.
Gapym kakylýarmy-gelýändir dostum,
Däldir ol sülçi-
Bagt diýlen zady gõzleýän şundan!
Sen ýaşamak hakda uzak gürlediñ,
Puluñ kän,
Ýõne seniñ gõzleriñde uçgun ýok,
Bu durmuşda seniñ gõwün şadyñ ýok…
Men ýaşaýyş hakda oýlandym çyndan,
Şundan başga aýdyp biljek zadym ýok.
Orazguly Annaýew
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.